Türkmeniň uçar ganaty

Taryhy we edebi çeşmelerde «Asman atlary» adyna mynasyp bolan ýa-da asly behiştden bolan jandar hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiziň gadymyýetden biziň häzirki günlerimize çenli özüniň arassalygy, gözelligi, ýyndamlygy, at-owazasy bilen gelip ýetmegi şeýle aýtgylary aýdyň tassyklaýar.

Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň daýawlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, gözelligi, çalasyn nepis hereketleri, duýgurlygy, eýesine wepalylygy hakynda oýlananyňda onuň nähili gudratdygyna haýran galýarsyň. Endamy güneş nuruna öwşün atyp duran dal bedewlerimize ser salsaň olar ýüregiňi joşdurýar, ylhamyňy oýarlar. Synladygyňça synlasyň, tarypladygyňça taryp edesiň gelýär. Tarypyny ýetirip suratkeş kendirinde, heýkeltaraş daşynda, bagşy-sazandalar aýdymynda, mukamynda, şahyrlar ylhamly setirlerinde beýan edesi gelýär.

Şeýle ajaýyp gözelligi beýan etmekde 2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmeniň uçar ganaty” atly döredijilik sergisi geçirildi. Sergide dünýä at-owazasyny dolduran, gözelligiň nusgasy bolan bedew atlarymyzyň sungat eserlerinde çeper beýan edilen taslama eserleri jemlenen. Döredijilik bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden suratkeşler, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary ahalteke bedewleriniň waspy ýetirilen  nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatynyň görnüşleri boýunça taslamalary bilen gatnaşdylar. Bulardan başga-da, ahalteke bedewiniň gözelligi bilen baglanyşdyryp, nyşanlaşdyryp binagärlik ugry boýunça hem birnäçe taslama çözgütlere sergide syn etmek bolar. Olarda esasan hem binagärlik sungatynda köp ulanylýan simwolizm ugry agdyklyk edýär, ýagny binanyň daşky keşbi, onuň göwrümi belli bir many-mazmun bilen baglanyşdyrylýar. Şeýle alamatlary esasan hem sergä gatnaşýan akademiýanyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren taslamalarynda görmek bolýar.

Binagärlikde bedew atyň keşbini nyşanlaşdyrmak ýagny, simwolizm ugry boýunça ýurdumyzyň baş şäheri bolan paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan Olimpiýa şäherjiginiň baş desgasy Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbini mysal getirmek bolar. Bu desgada atyň şekiliniň beýikligi 40,05 metr, uzynlygy 37,69 metr hem-de ini 40,14 metrdir. Bedew at buýsançly başyny dik tutup, hamala kuwwatly ganatlary bilen tutuş stadionyň daşyny gurşap alyp, ýeňişlere sary öňe omzaýan görnüşde beýan edilipdir. Bu täsin gözelligiň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa aýratyn buýsandyryjy wakadyr.

Türkmeniň ahalteke bedewiniň at-owazasy şeýle gözellik bilen beýan edilmek bilen bir hatarda gözelligi, ýyndamlygy bilen hem dünýä taryhynda aýratyn orna mynasyp. Dünýä atçylyk toplumynyň taryhynda özüniň mynasyp ornuny alan Absent atly ahalteke bedewi meşhur Arabymyzyň neslinden bolup, Olimpiýa oýunlarynyň üçüsinde, ýagny Rimde (1960 ý.), Tokioda (1964 ý.) we Mehikoda (1968 ý.) ýeňiş gazanyp, on iki ýyllap Olimpiýa birinjiligini saklady we «XX asyryň bedewi» adyna mynasyp boldy. 2018-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew 10 metr aralygy çarpaýa galyp, çalt geçip, owadanlygyň we güýç-gaýratyň ajaýyp nusgasyny jahana görkezdi we  Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle mysallar ahalteke bedewiniň asly behiştden bolan ganatly bedewleriň neslindendigine bizi has-da ynandyrýar. 

.

Bagtygül Hojageldiýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok