Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ata Watanymyz Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy şu günler ýurdumyzyň ähli sebitinde raýatlarymyzyň uly höwes bilen meýletin gatnaşmaklygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly» şygary esasynda gyzgalaňly dowam edýär.
Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyran sagdyn durmuş ýörelgesi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda üstünlikli durmuşa geçirilip, mynasyp dowam etdirilýär. Bu barada Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda» giňden bellenilip geçilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen halkyna iberen gutlagynda aýratyn durup geçmeklik bilen: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn hem beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris.» – diýip örän jaýdar belleýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde dünýäde gazanan abraýynyň, mertebesiniň has-da belende göterilmegi babatda taýsyz tagallalaryň edilýändigi bolsa, zamanamyzyň buýsandyryjy hakykatydyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň aprel aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyrylan täze bir ajaýyp zamananyň – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly bir milli ruhuna laýyklykda giňden dabaralandyrylýar.
Kadyr GURBANNEPESOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler