Ýylyň ilkinji gün tutulma hadysasy 30-njy aprelde bolar

Ýylyň ilkinji gün tutulma hadysasy 30-njy aprelde sagat 23:27-de bolar. Şeýle-de bolsa, bu tebigy hadysa biziň ýurdumyzdan görünmez.

Gün tutulmagy, Aýyň orbital hereketiniň, Ýeriň we Günüň arasyna girmegi netijesinde ýüze çykýan tebigy hadysadyr. Gün tutulmasy bölekleýin, halkalaýyn we doly diýen toparlara bölünýär.

2022-nji ýyldaky möhüm tebigy hadysalaryň biri bolan Gün tutulma hadysasy 30-njy aprelde sagat 23:27-de bolup geçer. Geljekki, Gün tutulma hadysasy bolsa 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde bolar.

Ýylyň ilkinji gün tutulma hadysasy Antarktidanyň käbir ýerlerinde, Günorta Amerikanyň günorta ujunda we Ýuwaş ummany we Atlantik ummany sebitlerinde görüner.

Aý bir ýylyň dowamynda takmynan 12 gezek Ýeriň daşyndan aýlansa-da, Aýyň orbital tekizligi bilen Ýeriň bäş dereje töweregi orbital tekizliginiň arasyndaky burç sebäpli Aý her gezek Günüň öňünden göni geçmeýär. Şonuň üçin ýylda iki ýa-da bäş gezek gün tutulma hadysasy bolup geçýär.

Jennet MUHAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok