Sungatda turkmen bedewiniň waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy esasynda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. 2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň  milli baýramy mynasybetli “Türkmeniň uçar ganaty” atly sergisi açyldy.  

Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdepleriniň,  welaýatlarymyzyň çeperçilik mekdepleriniň mugallymlary, talyplary we uçurumlary gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Işanguly Işangulyýew, Ahmet Hallyýew, Mustafa Ýagşymyradow, Gulnaz Rozykulowa, Şemşat Mammedowa özleriniň nakgaşlyk eserleri bilen gatnaşyp, türkmen ahalteke bedewleriniň gözelligini dürli reňk çözgütleri, çeperçilik akymlary esasynda döretdiler. Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew häzirki zaman türkmen nakgaşçylygynda türkmen bedewleriniň ýyndam hereketlerini ussatlyk bilen geçirýän halypadyr. Onuň eserlerinde atyň dürli reňkleri bilen öwüsýän bedewiň bedeni, ýyndam hereketleri, wepadarlyk häsiýetleri şöhlelendirilip, taslamanyň yzky meýilnamasynda suratlandyrylan milli peýzažy bilen sazlaşykly görnüşinde suratlandyrylýar. Bäsleşige gatnaşdyrylan nakgaşlyk eserinde hem bu häsiýetleri aýdyň görmek bolýar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew türkmen halyçylyk sungatynyň geçmişini, onuň taslama çözgüdini çuňňur öwrenmek bilen birlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýär. Halypanyň bäsleşige hödürlenen “Halkyň Arkadagly zamanasy”, “Asyrlaryň aňyrsyndan görünýän türkmen taryhy”, “Şagadam” atly haly eserlerinde türkmen milli nagyşlary, inçe reňk gatnaşygy, çeperçilik özboluşlylygy we gadymyýetden gelýän tehniki usullary peýdalanylyp, döwrümiziň owazyny şöhlelendirýär. At şaýlary gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke atlarynyň toý-dabaralardaky aýrylmaz bezegidir. Ata dakylýan boýunlyk, gözlük, göwüsbent, uýan – bularyň hemmesi diňe bir bezeg ornunda bolman, eýsem, gözden-dilden goraýjy hökmünde hem hyzmat edýär. Türkmen milli şaý-seplerinde özleriniň köpdürlüligi, gelşikliligi we nepisligi bilen tapawutlanýan türkmen bedewleriniň şaýlary hem özboluşly aýratynlyklary özünde jemleýändir. Bäsleşige hödürlenen zergärçilik önümlerinden at şaý-sepleri aýratyn özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Olar diňe bir gözellik wezipesini ýerine ýetirmän, eýsem, olar möhüm däpleri hem amal edýärler. Atyň kümüş esbaplary atlaryň mertligini, çydamlylygyny nygtaýan alamatlar hökmünde hyzmat edýärler. Bu önümleriň köpüsi söweş, bezeg we bedeniň goragy üçin niýetlenilişi ýaly ýene-de bir bölegi türkmen halkynyň atyny gözden-dilden goramak maksadyna esaslanyp dakylypdyr. Biziň ussat we ýaş zergärlerimiz ata-babalarymyzdan galan medeni mirasymyzy nesilden-nesle geçirip, atlary bezemek däplerini dowam etdirýärler. 

Baýram Mämmiýewiň “Awçy”, Öwliýaguly Berkeliýewiň  “Wepaly dostum”, Ruslan Abdullaýewiň “Rowana”, Şükür Rozyýewiň “Taýçanak”, “Taryh” ýaly nakgaşlyk eserleri, Wepaly Gurtmyradowyň “Gyr sakar” grafika eseri we sungatyň beýleki görnüşlere degişli işlerinde türkmen bedewleriniň häsiýetli içki dunýäsi, duýgurlygy açyp görkezilýär. Baýram Mämmiýewiň “Awçy” atly taslamasynda  türkmen sährasynda ahalteke bedewinde çapyp barýan awçynyň, tazylaryň, laçynyň keşbi hakykylyk bilen suratlandyrylyp, ata-babalarymyzdan miras galan awçylyk sungatynyň däplerini, türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende göterýär

Türkmen taryhynda uly yz galdyran belli şahsyýetlerimiziň nurana bedewlerimiziň üstündäki şekilleri, behişdi bedewlerimiziň aýratynlykda görkezilýän keşpleri halypa we ýaş suratkeşleriniň döredijiliginde gelejekde hem wajyp orun tutjakdygy şübhesizdir. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleri Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň keşbini özünde jemleýän nyşan hökmünde dabaralandyrylýar.

.

Jeren Baltaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy,

Aýnazarowa Amantuwak,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok