“Nusga” —okuwcylaryň we talyplaryň islegi

2022-nji ýylyň  aprel aýynyň 13-ne paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli, ýurduň hususy pudagynyň gazananlaryny görkezýän ýokary derejedäki sergi öz işine başlady. Sergi merkezinde hususy pudagyň dürli ugurlary boýunça ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalarynyň 200-e golaýynyň pawilýonlary ýerleşdirildi. Bu sergä ýurdumyzda öndürilýän oba hojalygy, azyk senagaty, senagat önümçiligi, gurluşyk materiallary, we elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, ylym-bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy, türkmen milli haly önümler, halk senetçiligi we beýlekiler boýunça işleýän hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri gatnaşyp, öz gazanan üstünliklerini görkezýärler.

Sergä işjeň gatnaşan “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýetiniň direktory Kakaly Geldiýewiň gürrüň bermegine görä, 2021-nji ýylda Ak Bugdaý etrabynda “Nusga” atly ruçkalary öndürip başlandygy barada aýtdy. Häzirki wagtda hojalykda 4 sany reňkli syýaly hem-de, 3 sany ysly syýaly ruçkalaryň görnüşleri öndürilýär. Bu ruçkalar öndürilip Russiýa Federasiýasyna eksporta hem goýberilýär. Mundan başga-da, geljekde diňe bir ruçka däl, eýsem, bozguçlary, dürli galamlary, galam artylýan we başga-da kanselýariýa önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar.

Sergide telekeçi K.Geldiýew 2020-nji ýylda Kaka etrabynda miweçilik bilen meşgullanyp ugrandygyny belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä dürli miwe önümlerini ýurdumyzyň bazarlaryna ibermek hem-de daşary ýurtlara eksport etmek göz öňünde tutulýar.

.

Döwlet JUMAGYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok