Telekeçilik işi – ösüş ýolunda

Berkarar döwletimiziň täze taryhy eýýamynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen sazlaşykly söwda ulgamynyň hem ösdürilmegi, hususy kärhanalaryň öndürýàn önümleriniň hil derejesiniň has-da ýokarlanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. “Türkmen telekeçileri rowaçlyklaryň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýarlar” diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň saýasynda hususy telekeçiligiň ösdürilmegi üçin amatly ykdysady, maliýe we durnuş şertleri döredilýär.

Häzirki wagtda ykdysadyýetiň we hyzmatlar ulgamynyň dürli pudaklarynda iş alyp barýan 27 müňden gowrak telekeçini özünde birleşdirýän iri jemgyýetçilik guramasy bolan  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň esaslandyrylmagynyň 14 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda 12-13-nji aprelde TSTB-niň üstünliklerine bagyşlanan sergi guraldy. TSTB-niň gazananlaryna bagyşlanan bu sergide hususyýetçiligiň dürli ugurlaryna ýöriteleşen 200-den gowrak wekil gatnaşyp, öz üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar.

TSTB-niň esaslandyrylan gününde halkara maslahaty guralyp,  maslahatyň dowamynda ýurduň işewür jemgyýetçiliginiň ýeten sepgitleri we döwlete dahylsyz ulgamy ösdürmek bilen baglanyşykly «Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan täzeçe çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sergä gatnaşýanlaryň birnäçesi halkyň sarp edýän harytlarynyň çykarylyşyny artdyrmakda hususy ulgamyň mümkinçiliklerini görkezýärler. Olaryň hatarynda dokma önümlerini, aýakgaplary, döwrebap lybaslary, azyk harytlaryny, konditer önümlerini öndürýän – “Röwşen” , ” Muhammet Balkan”, “Ak suw”, “Täç hil”, “Täze aý”, ” Balşeker” ýaly hojalyk jemgyýetleri mysal getirmek bolar.

Serginiň baş maksady telekeçileriň mümkinçiliklerini artdyrmakdan, maýa goýumlary geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdyr.

.

Çynar ÝOLLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň
himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok