“Starlink” ýolagçy uçarlaryny internet bilen üpjün etmegiň üstünde işleýär

Dünýä belli “Starlink” kompaniýasy ýolagçy uçarlaryny internet bilen üpjün etmek bilen bagly birnäçe taslamanyň üstünde işleýär. Ýakyn geljekde, uçarlarda tölegsiz internet hyzmaty ýola goýular.

Ýolagçy uçarlaryny internet bilen üpjün etmek, “SpaceX”-iň dünýäniň ähli ýerinde interneti elýeterli etmek maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Taslamanyň bir bölegi hökmünde uçurylan “Starlink” hemralary indi käbir sebitlere hyzmat edip başlady. Şeýle-de bolsa, “SpaceX” bu hyzmaty geljekde köp dürli ýerlerde ulanmak isleýär.

“SpaceX” -iň baş direktory Elon Musk geçen ýyl “Starlink”-iň giň zolakly hemra ulgamy arkaly ýolagçy uçarlaryna internet bermek isleýändigini mälim etdi.

“SpaceX” hemra arkaly işleýän interneti uçarlara ýerleşdirmek üçin garaşsyz howa gatnawy “JSX” bilen şertnama baglaşdy. Şu ýyl ýolagçylaryna bortda Wi-Fi hyzmatyny hödürläp başlajak “JSX”, bu hyzmaty uçarlarda ulanan ilkinji kompaniýa bolar. Kompaniýanyň beren beýanatynda “Starlink Wi-Fi” hyzmatynyň ähli ýolagçylara mugt hödürlenjekdigi paýlaşyldy.

Bägül OJYBAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok