Sanly bilim – döwrebap mümkinçiliklere giň ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, dürli ulgamlarda döwrebap şertler döredilýär. Şonuň netijesinde hem sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşa geçirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzda sanly ulgama geçmeklikde bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýan okuwçylaryň, talyplaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň giň tapgyrynda sanly ulgamyň ösdürilýändigini görýäris. Munuň özi sanly ulgamyň geljeginiň uludygyny aýdyň beýan edýär.

Innowasiýalaryň ösen eýýamynda sanlylaşdyrmagy döwrebap derejede guramak, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş nesle ylym-bilim bermekde dünýä tejribesine daýanmak bilen ony milli ýörelgelerimiz bilen utgaşykly alyp barmak babatda möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Bu ugurda bilim ojaklarynyň işini kämilleşdirmek, sanly ulgamyň gazananlaryny giňişleýin peýdalanyp, ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da çuňlaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Ylmy-tehniki ösüşiň bu ugurdaky iň täze gazananlary bilen üpjün edilen döwrebap, düýbünden täze ugurlara ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň hem her ýylda birnäçesiniň açylýandygyny, öňki ýokary okuw mekdeplerde okadylýan ugurlaryň we olara kabul edilýän talyplaryň sanynyň yzygiderli artdyrylyp durulýandygyny, dürli ylym ojaklarynyň täze okuw binalarynyň dabaraly açylyp, ulanylmaga berilýändigini  hem buýsanç bilen bellemek gerek.

Tawus ATDAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok