Sanly bilim – aýdyň geljege ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde Watanymyzyň ylym-bilim ulgamy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe ilerleýär. Ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny kämilleşdirmek, medeniýetiň hem-de ylmyň pajarlap ösmegini gazanmak, ylym-bilimi dünýä ülňülerine laýyk getirmek ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär. Öňde goýlan bu ýörelgeleriň her biri babatda-da dünýä nusgalyk ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi guwanç duýgusyny döredýär. Bu ugurda orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kämil tehnologiýalar, kompýuter enjamlary, multimediýa serişdeleri, lingafon otaglary, ýokary tizlikli internet ulgamy ornaşdyrylýar. Okadylýan dersler bilen baglanyşykly elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, interaktiw-multimediýa programmalary döredilýär.  Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň tygşytlanmagyna, zerur bolan gerekli maglumatlary gysga wagtda tapmaklyga şert döredýär.

Sanly bilimi ösdürmekde ilkinji nobatda ýaşlaryň häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryndan baş çykarmaklaryny gazanmak möhüm şert bolup durýar. Şol sebäpden hem ýaş nesle bilim bermekde bilim işgärleriniň hünär taýýarlygy zerurdyr. Bu ugurda diýarymyzyň ähli bilim edaralary häzirkizaman kompýuter tehnologiýalary bilen yzygider üpjün edilmek bilen, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygy kämilleşdirilýär. Hünär kämilleşdiriş merkezlerinde bu ugur boýunça degişli okuwlar üstünlikli geçilýär.  Bulardan başga-da bilim edaralarynda ýokary tizlikli internet ulgamy hem giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga, uzak aralykdan wideoşekilli okuw we beýleki maksatly sapaklaryny, dürli maslahatlary gurnamaga, özara tejribe alyşmaga ýardam edýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek dürli tehnologiki we ylmy täzelikleriň üstünde işlemegi we döretmegi, bilim ojaklaryna innowasion tehnologiýalary çalt depginde ornaşdyrylmagyny hem-de olaryň maglumat binýadynyň berkidilmegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamynda öňe sürýän oňyn özgertmeleri we başlangyçlary bu ulgamyň mümkinçilikleriniň çägini barha artdyrýar.

Şeýle ösen tehnologiýalaryň durmuşyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagy, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegi, ylym-bilim binýadynyň has-da ýokarlanmagy, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys! Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan beýik işlerinde üstünlikler ýaran bolsun!

Şageldi IŞANGULYÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok