Şu gün Mary welaýatynyň Mary etrabynda tehniki uglerod öndürýän zawod açylyp ulanylmaga berildi.
Mälim bolşy ýaly, tehniki uglerod zerur himiki önümleriň biri bolup, bu, esasan, rezin önümçiliginde, plastik önümçilikde, nano-tehnologiýaly grafitlerde, poligrafiýa önümçiliginde hem-de elektro geçirijileri ultra-melewşe şöhlelerden goramak üçin daşky örtük hökmünde giňden ulanylýar.
Zawodyň işe girizilmegi bilen 100-e golaý iş orny açylar we bu ýerde ýokary bilimli, köp ýyllyk tejribesi bolan tehnologlar, inženerler we ýaş hünärmenler zähmet çekerler.
Zawodyň tutýan meýdany 9,9 gektar meýdana barabar bolup, kuwwatlylygy her ýylda 3 000 tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenendir.
Teswirler