Gülleriň täsin görnüşleri

Ýer ýüzünde gül açýan ösümlikleriň müňlerçe görnüşi bardyr. Tebigatdaky ösümlikleriň gülleri ýaz paslynda açylyp başlaýan bolsa, otag şertlerinde ösdürilýän ösümlikler ýylyň islendik paslynda-da gülleýär. Gülleriň köpüsi kiçi bolsa, käbiri has uly bolýar. Emma käbir güller düýbünden başga zada meňzeýär. Bu güller, esasan, orhideýalar maşgalasyna degişli bolýar. Ine, dürli janly-jandarlary ýada salýan gülleriň käbirini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Durna güli. Günorta Afrikada ösýän köpýyllyk ösümlik bolup muňa «jennetiň guşy» hem diýilýär. Ýylyň ähli paslynda gök öwsüp oturýar. Onuň boýunyň uzynlygy 10 metre çenli ýetýär. Gaty, ýasy ýapraklarynyň uzynlygy 30-200 santimetr, ini 10-80 santimetr aralygynda bolýar. Gunçasy gök-ýaşyl reňkli, güller sary, gök, seýrek ýagdaýda ak reňkli bolýar. Bu ösümligi 1788-nji ýylda iňlis botanigi Josef Banks tarapyndan tapylýar. Owadan gülleri üçin bulary medeni usulda hem ösdürilip ýetişdirilýär we seýilgähleriň, köçeleriň, howlularyň bezegi üçin hem ekilýär.

Dracula simia. Günorta Amerikada deňiz derejesinden 2000-4000 metr beýiklikdäki tropiki tokaýlarda ösýän bu ösümligiň gülleri maýmyny ýadyňa salýar. Orhideýalar maşgalasyna degişli bolan bu ösümlik bahar paslyndan güýz paslyna çenli yzygiderli gülleýär. 110-dan gowrak görnüşi bolup bu ösümligiň gülleriniň pyrtykalyňky ýaly ýakymly ysy bolýar.

Ophrys apifera. Ýewropada ösýän köpýyllyk ösümlige «Ary orhideýasy» diýilýär. Uzynlygy 20-45 santimetre ýetýän ösümligiň 4-7 sany gök-ýaşyl ýapraklary bolýar. Merkezinde ýerleşýän gozada 3-8 aralygynda güli bolýar. Gozasynyň gyzyl, ak reňkli gülleri bolup, maý-iýun aýlarynda gülleýär. Gülleriniň reňki benewşe ýa-da agymtyl bolýar. Ösümligiň gülüniň ara meňzemegi olaryň tebigy ýagdaýda köpelmeklerine sebäp bolýar. Arylar bu güli başga ara meňzedip, onuň ýanyna barýar. Şeýlelik-de, gülüň tozgalary arynyň aýaklaryna ýapyşýar. Soňra beýleki güllere gonmagy bilen güller tozgalanýar we netijede tohumlanýar.

Impatiens psittacina. Günorta-Gündogar Aziýada – Taýlandda, Birmada we Hindistanyň käbir ýerlerinde ösýän bu ösümligiň boýy 50 santimetr çemesi bolýar. Beýleki «Impatiens» görnüşleri ýaly, onuň baldaklary galyň bolýar. Gülleri açyk gyzyl we gyzyl reňkli bolýar. Gülläninde emele gelýän şekili toty guşuna meňzeýär. Seýrek duş gelýän bu ösümlik goralyp saklanýar.

Şirinjemal HANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok