Ýurdumyzda ýene bir ýokary okuw jaýy gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň çalt depginli ösýän hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamagy dowam etdirmek, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Karara gol çekdi.

Şuňa laýyklykda, Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi gurular. Gurluşygy maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Merkezi bankyna şeýle-de «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna degişli möçberdäki serişdeleri karz bermek tabşyryldy.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we desgany 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok