TSTB-niň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi öz işine başlady.

Şu ýyl sergä hususyýetçileriň 200-den gowragy gatnaşýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününden bäri onuň agzalarynyň sany 27 müňden geçdi.

Belläp geçsek, ýurdumyz tarapyndan türkmen telekeçileri üçin birnäçe mümkinçilikler döredilip berilýär. Geçen 14 ýylyň içinde birleşmäniň agzalarynyň öndüren senagat önümleriniň möçberi 78,8 esse, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi bolsa 85,2 esse ýokarlandy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok