Saz gurallarynyň arasynda iň meşhurlarynyň biri-de fleýta saz guralydyr. Fleýta saz guraly daşky görnüşi boýunça uzyn silindr şekilli bolup, ol ençeme müňýyllygyň dowamynda dürli üýtgeşmeleri başdan geçirip gelipdir. Fleýta sözi “flauta ýa-da flatus” diýen latyn sözlerinden gelip çykyp, “öwüsýän” diýmekligi aňladýar. Fleýta ilkinji gezek gadymy wagtda harby ýörişlerde köp ulanylypdyr. Irki döwürde ol süňkden, palçykdan, agaçdan ýasalyp, uzynlygy onçakly uzyn bolman gysga bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen uzynlygy artyp, metaldan ýasalyp başlanypdyr. Arheologlar bu saz guralynyň takmynan miladydan öňki 40-njy müňýyllykda ýüze çykandygy hakdaky pikirleri öňe sürýärler. Mundan bäş müň ýyl ozal hem gadymy Müsürde tüýdügiň bardygyna güwä geçýän taryhy tapyndylar bar. Şeýle-de Hindistanyň territoriýasyndan ýaşy üç müň ýyla golaý bolan fleýta meňzeş guralyň galyndylary tapyldy. Köp wagt geçenden soň Ýewropa ýurtlarynda uzyn tüýdüge meňzeş gurallar köp ulanylyp başlapdyr. XVII asyryň ahyrlarynda fransuz ussalary tarapyndan onuň has-da üýtgedilen, gowulandyrylan görnüşi ýasalypdyr. Netijede XVIII asyrda eýýäm ol gurallar dürli çärelerde ýaňlanyp başlapdyr. Onuň daşky görnüşi kämilleşip, ony ýasamakda esasan hem kümüş metaly ulanylypdyr. Şeýle-de pil süňkünden ýasalan fleýtalar hem meşhur bolup, hatda aýnadan ýasalan fleýtalar hem bolupdyr. Fleýta saz guralynyň häzirki zaman görnüşini dörediji belli sazanda hem-de kompozitor Teobald Bem hasaplanylýar. Häzirki wagtda dürli köpgörnüşliligi başdan geçirip gelen fleýta saz guralynyň dört sany görnüşi bolup, olar dünýä ýurtlarynda saz sungatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Özüniň ýetmiş iki saz guraly bilen meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkymyz dürli döwürlerde türkmen saz sungatynyň ösmegine goşant goşan halk bolup, häzirki bagtyýar döwrümizde hem beýleki saz gurallary bilen birlikde fleýta saz guraly ýörgünli saz gurallarynyň biri hökmünde bellidir. Bu ugurda ýörite sungat hem-de sazçylyk mekdeplerinde we beýleki jemgyýetçilik edaralarynda bu saz guralynda saz çalmaklygyň inçe tärleri içgin öwredilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň saz sungatyna bolan höwesini has-da artdyrýar.
Jennet AMANMURADOWA,
Daşoguz şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň
fleýta hünäriniň mugallymy.
Teswirler