Gülle medeniýetim, baky sungatym!

Döwürleriň waspçysy, köňülleriň ylhamy, toýdur-baýramlaryň gelşigi bolan türkmen aýdym-saz sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp derejede ösdürilýär. Berkarar Watanymyzda türkmeniň milli mirasynyň, medeniýetiniň hem-de sungatynyň ösmegine uly üns berilýär. Türkmen aýdym-saz sungaty ähli döwürlerde hem milli özboluşlylygyny, ebedi gymmatyny ýitirmän biziň bagtyýar döwrümizde döwrebap hem-de milli röwüşde ýaýbaňlandyrylýar. Medeniýet we sungat – her bir halkyň kalbynyň aýnasydyr, ýüreginiň owazydyr. Çünki onda milliligi, edim-gylymy, ahlak sypatlary ýaly ajaýyp duýgular jemlenen. Halkymyzyň aýdym-saz sungaty köpöwüşginli bolmak bilen, türkmen topragynda kemala gelen bu inçe sungat özüniň gadymylygy, ýerine ýetirijilik özboluşlylygy, gaýtalanmajak şirin labzy bilen tapawutlanýar. Bu sungat üstünden asyrlar ötse-de öz gadyr-gymmatyny ýitirmän täze öwüşgin bilen çaýyldy. Türkmen aýdym-saz sungatynyň her ýolunyň özboluşly heňi, täsirliligi bolýar. Toý-dabaralarymyzda belentden ýaňlanyp, kalplara joşgun paýlaýan bu ajaýyp sungat mynasyp derejede dowam etdirilýär. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-saz sungatyny ösdürmek “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda uly rowaçlyklara beslenýär. Türkmen medeniýeti we sungaty ösüşiň belent sepgitlerine gadam basýar.

Türkmen aýdym-saz sungaty öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygyny türkmen nusgawy şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň şahyrana şygyrlarynda we beýleki baý taryhy çeşmelerde görmek bolýar. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gelip çykyşy we onuň şöhratly ösüş ýoly ylmy edebiýatlarda hem öz beýanyny tapýar. Halklary jebisleşdirip  asylly işlere ruhlandyrýan, köňüllere joşgun paýlaýan aýdymdyr-sazlar ynsan durmuşynda uly terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Saz öňde goýlan maksat-myradymyza ýetmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga, dünýägaraýşymyzy giňeltmäge  itergi berýän gudratly, tapylgysyz  baýlyk bolup çykyş edýär.

Bagtyýar döwrümizde milliligimize, medeniýetimize, sungatymyza uýup, ony sarpalap, gymmatly ýörelgelerimizi mynasyp derejede dowam etdirmek we kämilleşdirmek, şeýle hem bu ugry ösdürmeklige goşant goşmak bagty her birimize nesip etsin! Goý, berkarar zamanamyzda türkmeniň medeniýeti we sungaty, has hem pajarlap össün! Mähriban halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan tutumly başlangyçlarynda üstünlikler, rowaçlyklar ýar bolsun!

Tawus MERETDURDYÝEWA,

Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok