DÜNÝÄDÄKI IŇ KIÇI GUŞ

Dünýädäki iň kiçi guş – kolibri. Häzirki wagtda onuň iň uly görnüşi Günorta Amerikanyň And daglarynda ýaşaýar we onuň uzynlygy 22 sm-e ýetýär. Iň kiçi görnüşi bolsa Kuba adalarynda ýaşaýar, çünkünden guýrugynyň ujuna çenli 6 sm uzynlyga ýetýär. Ol hem çünki bilen guýrugy hasaba alnanda, şu uzynlygy berýär. Onuň agyrlygy bolsa 2 grama deň. Ýer ýüzünde mundan başga kiçi guş ýokdur. Kolibri guşy ýöräp bilmeýär. Dünýäde kolibri guşunyň 350 görnüşi duşýar. Dynçlykda duran wagtynda onuň ýüregi minutda 500 gezek urýar. Hereket wagtynda ýa-da uçýan wagtynda minutda 1200 ýa-da ondan hem köp urýar. Iň köp 9 ýyl ýaşaýar. Höwürtgelerini çöp-çalamlardan gurýar we onuň höwürtgesi hozuň gabygynyň ululygynda bolýar. Höwürtgesinde iki sany nohut ululygyna deň bolan 0,5 gram agyrlygyndaky ýumurtgalary görmek bolar. Urkaçy kolibri olary 23 hepdäniň dowamynda basyp oturýar we çagalary ýumurtgadan çykansoň, bir aýyň dowamynda olary gözegçilikde saklaýar. Kiçiligine garamazdan olaryň batyrlygy haýrana goýýar. Eger kolibriniň höwürtgesine meselem, ýylan hüjüm etse, ol hiç gorkman oňa topulýar we çagalaryny goramak üçin uzyn çüňkleri bilen duşmanyň gözüne ýa-da burnuna şikes ýetirýär. Kolibri gül nektarlary bilen iýmitlenýär. Şonuň üçin güllere baý bolan tropik ýerlerinde duş gelýär. Günüň şöhlesinde onuň reňki üýtgäp, reňbe-reň bolýar. Olar hiç haçan ýere gonmaýar. Uçup duran wagtynda iýmitlenýärler. Bu kiçi guş minutda 78 gezek ganat kakýar. Kolibri ýaly başga hiç haýsy guş ýokary, pese we arkalygyna uçup bilmeýär. Görşüňiz ýaly, kolibriniň özüne mahsus bolan häsiýetleri köp. Uklan wagtynda ýarganatlar ýaly agaçdan asylyp, kellesini aşak bakdyryp, uklaýarlar. Onuň peýdaly tarapy gülleri tozanlandyrmagydyr. Tebigatda käbir gülleri kalibriden başga hiç bir guş tozanlandyryp bilmeýär. Kalibri Amerikada ýaşaýar. Tropik we subtropik howaly ýerlerden başlap, tä Alýaska ýetýän ýerlere çenli duş gelýär.

Bahar HÜMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok