Türkmen aýdym-sazynyň ylham çeşmesi

(Akmyrat Çaryýewiň 75 ýyllygyna bagyşlap halypanynyň ýekelikdäki konserti)

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň muzeýinde Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, halypa Akmyrat Çaryýewiň ýakynda boljak 75 ýaş ýubileýine bagyşlanyp dabaraly konsert geçirildi. Konsertde halypa mugallym   ýerine ýetirmeginde birnäçe şirin owazlary ýeňlandy. Şeýle-de halypa özüniň geçen durmuş ýolundaky halypa szandalar we bagşylar barada ýatlama gürrüňlerini berdi. Konserdiň başynda halypa mugallymyň özüniň döreden “Gahryman Arkadag” we “Mähirli” diýen sazlaryny ýerine ýetirdi. Dabaranyň dowamynda ýene-de Akmyrat Çaryýewiň ýerine ýetirmeginde “Näzli baýram”, “Biçäre”, “Maýagözel”, “Gökdepe mukamy”, “At çapan”, “Bu jennetdir” ýokary perdelerde ýaňlandy. Soňra halypa özüniň geçen ömür ýoluny, halypalar bilen ýatlamalaryny konserde gatnaşýan mugallymdyr-talyplara içgin gürrüň berdi. Şeýle ýatlamalaryň biride  biri-de onuň ussat bagşy Sahy Jepbarow bilen döredijilikli dostlugy we ondan öwrenen zatlary boldy. Halypanyň aýtmagyna görä ol Sahy bagşydan ol “Ýazdym”, “Ynjytma”, “Hoş gal indi”, “Balsaýat” ýaly uly göwrümli we çylşyrymly aýdymlaryň ýanynda sazandyrlyk esasynda öwrenenligidir. Bu ýatlama-konsert diýseň gyzykly geçdi. Konsertde her bir sazyň soňunda dabaraly el çarpyşmalar ýaňlanyp, halypa mugallyma sowgatlar gowşuryldy. Konserdiň soňunda birnäçe mugallymlar onuň ýakynda boljak ýaş toýuny gutlap, oňa jan-saglyk,uzak ömür, üstünlik arzuw etdiler we halypa bilen mugallymlar we talyplar ýadygärlik surata düşdüler.

.

 Kuwwat Ýowbasarow,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok