Şu wagta çenli açylan iň uzak ýaşly ýyldyz

Häzirki wagta çenli belli bolan iň uzak ýaşly ýyldyz tapyldy. Bu gadymy ýyldyzyň älem taryhynyň ilkinji günlerine degişli käbir peýdaly maglumatlary berip biljekdigi çak edilýär.

1990-njy ýylda kosmosa iberilen “Hubble” kosmos teleskopy, her açyş bilen çäksiz älemiň täsinliklerini açmagyny dowam etdirýär. Indi, teleskopyň iň uzakdaky uzak ýaşly ýyldyzy we ýyldyz ulgamyny tapandygy habar berildi.

Bu ýyldyz resmi taýdan “WHL0137-LS” diýlip atlandyryldy, ýöne ony açan astronomlar tarapyndan Köne Iňlis dilinde “daň ýyldyzy” ýa-da “çykýan ýagtylyk” manysyny berýän “Earendel” diýlip atlandyryldy, bu ýyldyzyň älemiň döremeginiň başlangyç döwründedigi aýdylýar.

Geçirilen gözlegde, uly partlamadan 900 million ýyl soň, “Hubble” – “Earendel” ýyldyzyna ýetmek üçin ulgamdan çykýan ýagtylygyň takmynan 12,8 milliard ýyl gerekdigi aýdylýar. Mundan başga-da, “Earendel” häzire çenli belli bolan gadymy ýyldyz standartlarynyň arasynda-da tapawutlanýar. Şeýle-de bolsa, adatça kosmosyň iň ýagty jisimleri bolany üçin tapmak aňsat bolan iň gadymy supernowalaryň hem “Earendel”-den ýaşdygy aýdylýar.

Nazarly NAZARLYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutunyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok