Bilim – durnukly ösüş ýoly

Gün-günden ösüşlere, kämillige beslenýän Ata Watanymyzda ähli ugurlar boýunça ýeňişlere, täze belentliklere ýetmekde döwrebap ösüş ýollaryny saýlanyp alynmagyna aýratyn orun degişlidir. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda okuw maksatnamalary, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar. Ýurdumyzyň ösüşini ýokarlandyrmaga, döwrebaplaşdyrmaga kämil tehnologiýalaryň orny örän uludyr.

Berkarar döwletimiz dünýäniň iň ösen döwletleriň hatarynda ösüşiň innowasion ýoluny saýlap aldy. Şeýlelikde innowasion ösüşi guramagy tehnologiýalar tarapyndan üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, ýokary hilli hem-de kanagatlanarly netijeleri gazanmak möhüm esaslaryň biri bolup durýar. Tehnologiýalar ähli pudakda bolşy ýaly ylym – bilim pudagynda hem giňden ornaşdyrylan. Häzirki wagtda orta we ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim portallary hereket edýär.   “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek baradaky 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Bu konsepsiýalar sanly tehnologiýalaryň we innowasion usulyýetleriniň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyny nazarlaýar.

Sanly bilimi ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

.

Laçyn HYDYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň koreý dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok