Ýokary guramaçylykly dowam edýän Saglyk hepdeliginiň çäginde geçirilýän dürli çäreler gyzgalaňly dowam edýär. Şeýle çäreleriň biri şu gün ir säherden gözel Daşoguz şäherimiziň Ak öý binasynyň öňünde düzülen welosiped kerweniniň batly ýörüşinden başlandy. Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli geçirilýän bu çärä biziň Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary uly höwes bilen gatnaşdylar.
Ýokary kysymly, häzirki zaman täze tehnologiýa laýyk gelýän kuwwatly welosipedli mugallymlardyr talyplarymyz institutymyzyň nyşany bilen belgilenen täze biçüwde tikilen sport egin-eşikleri bilen ýörişe aýratyn bezeg berdiler.
Ýöriş dabaraly ýagdaýda dowam etdi we şähermiziň merkezi köçelerini uly şatlyk-şowhuna besledi. Bu ajaýyp çäre soňra institutymyzyň sport toplumynda dowam etdi we medeniýet merkeziniň çeper höwesjeň talyplarynyň ruhubelentlik bilen ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşykly alnyp baryldy.
Institutymyzyň aýratyn zehinli talyplary sportyň dürli görnüşleri bolan: küşt, düzdüm, woleýbol, fotbol, basketbol, suwda ýüzmek, tanap çekmek, göreş tutmak bilen hyjuwly ýaryşdylar. Ýaryşda ýer alyp, aýratyn tapawutlanan talyplara institutymyzyň jemgiýetçilik guramalary we kärdeşler arkalaşygy tarapyndan gymmatbaha sowgatlar gowşuryldy we hoşallyk sözleri aýdyldy.
Dünýägözel ARAŞOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Teswirler