Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem halypa-şägirtlik ýoluna ullakan üns berilýär. Jan watanymyz Türkmenistan diýarymyzyň saba-säherlerinden gaýdýan ajaýyp aýdym-sazlar, şirin söhbetler hem her bir ynsanyň göwnüni ganatlandyrýar. Sungatymyza uly goşant goşan şeýle şirin owazly halypa mugallym Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň iň bir baýry mugallymlarynyň biri Türkmenistanyň at gazanan artisti, “Saz mugallymy” kafedrasynyň uly mugallymy Nina Germanowna Pedko bilen şol kafedranyň hepdeliginiň dowamynda döredijilik duşuşygy geçirildi.
Nina Germanowna bilen döredijilik ýoly barada bu söhbetdeşlikde bolan gürrüňler biz ýaşlary has-da döredijilik ýolunda ruhlandyrýar. Halypa bilen onuň sungata gelişi barada birnäçe gyzykly gürrüňler edildi. Halypanyň berýän gürrüňlerinde onuň sungatda ýeten kämillik derejesini has-da aýdyň duýmak bolýar. Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa…” kitabynda gündogaryň beýik akyldary Abu Aly Ibn Sina: “Eger şähdaçyk hem sagdyn bolasyň gelse, her gün aýdyma hiňlenmäge türgenleş” diýip bellenilişi ýaly halypa hem ömrüni aýdyma bagyşlap, gartaşanlygyna seretmezden häzirki wagtda ýaş görünýär.

N.G.Pedko ömrüniň köp ýyllaryny opera teatrynyň işine bagyş eden zenan. Onuň döredijiliginiň ilkinji ýyllarynda teatryň dirižýory we çeper ýolbaşçysy SSSR-iň halk artisti Hydyr Allanurow bolýar. Şeýle-de teatrda dirižýorlar M. Meredow, M. Karpow, režissýorlar Andreý Andreýewiç Makarowskiý we Baýram Seýidow dagylar bolýar.
Nina Germanownanyň ilkinji spektakly P.I.Çaýkowskiniň “Ýewgeni Oneginidi”, bu operada Tatýananyň rolunda, “Trubadur” operasynda Eleonora, “Mazeppa” operasynda Mariýanyň, J. Werdiniň “Makbet” operasynda hanym Makbet, “Karmen” operasynda Mikaella, J. Puççininiň “Çýo-Çýo-San” operasynda Çýo-Çýo-San bolup çykyş edýär. Bulardan başga-da Nina Germanowna Pedko ýekelikde we ansambl bilen birnäçe konsertlerde çykyş edýär. Onuň operalardan düşürilen foto suratlaryny synlanyňda özüne ynanylan roluň her bir pursadyny yhlas bilen ýürekden ýerine ýetirýändigini görmek bolýar.
Döredijilik duşuşygynda halypa mugallym özüne berlen soraglara diýseň jogapkärli, yhlas bilen buýsançly jogap berýär. Onuň kalbynda ömrüni bagyş eden hünärine bolan jogapkärçilik aýdyň duýulýar. Halk arasynda “Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar” diýilişi ýaly halypa hem bu ýoly üstünlikli geçip, häzirki wagtda sungat ýolunyň geljekki wekillerini ýetişdirmekde özüniň halypalyk maslahatlaryny gaýgyrmaýar.

Nina Germanowna Pedko sözüniň soňunda talyplara we döredijilik duşuşygyna gatnaşanlara öz hoşallygyny bildirip, olara jan saglyk, işlerinde, okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Biz hem halypa mugallymymyza jan saglyk, aýdym-saz ugrundan ýaşlara bilim bermekde mundan-da beýläk üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäs!
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa-şägirtlik gatnaşyklary has-da berkäp, ýurdumyzda aýdym-sazyň sesi hemişe belentden ýaňlansyn!
.
Keýik ARTYKOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň
“Saz mugallymçylygy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler