Welaýat häkimliginiň ýolbaşçylygynda şu gün irden – 7-nji aprelde Türkmenistanda asylly däbe görä bellenip geçilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýat derejesinde Daşoguz şäherinde halkara çärä bagyşlanyp köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.
Buýsançly başly halkymyz tarapyndan gyzgyn goldalylan bu köpçülikleýin baýramçylyk ýöriş çäresine şäher ýaşaýjylary , pudak we ýerli edara kärhänälaryň işgärleri bilelikde professor mugallymlaryň guramaçylygynda Daşoguzyň Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlary hem gatnaşdylar.
Şäheriň köçeleri baýramçylyk bezeginde bolup, suw çüwdürümleri doly işledildi “Il saglygy-ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alnyp ekologiýa üçin zyýansyz bolan bu sport çäresinde aýdym-sazlybaýramçylyk dabarasy geçirildi.
Handurdy ORAZMUHAMEDOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Teswirler