8-nji aprelde “Aşgabat-Moskwa” ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

8-nji aprelde “Aşgabat-Moskwa” ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär. Ýörite uçar gatnawy “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.

Uçar gatnawy üçin awiapetekler “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň edaralarynda satylýar.

Aşgabat ş. Oguzhan şaýoly 211 (+99312 39-17-01)
Mary ş, Magtymguly köç 11 (8 005 22 3-27-77)
Türkmenabat ş, Magtymguly köç 80 (+993 422 3-92-10)
Daşoguz ş, Ruhnama köç 100 (+993 322 9-00-58 / 9-12-21 / 9-20-20)
Türkmenbaşy ş. Azadi köç 2 (+993 243 5-00-52)

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok