2002-nji ýylyň 6-njy aprelinde Halkara multifilm birleşigi tarapyndan döredilen halkara multifilm güni, bu ugurda zähmet çekýänler hem-de, gyzyklanýanlar üçin hünär baýramçylygydyr.Ilkinji multifilm animasiýalary 1909-njy ýylyň 6-njy aprelinde kinomatografiýa birleşiginiň düýbüni tutujylar, Albert Smit we Jon Stýuard Blekton tarapyndan döredilendigi üçin, Halkara multifilm gününi 2002-nji ýyldan bäri, her ýylyň 6-njy aprelinde bellemeklik kabul edilendir. Bu gün ähli döwürleriň multifilmlerini ýada salmak üçin iň gowy gün hasaplanýar.
Biziň ýurdumyzda-da bu ugurda zähmet çekip, uly üstünliklere eýe bolan, kinemotograflaryň birnäçesi häzirki güne çenli öz kesbiniň ökde hünärmeni wezipesini dowam etdirip gelýärler. Şolaryň biri-de suratkeş-karikaturaçy we şahyr Möjek Çaryýewdir.
Ýaşlygyndan saýlan söýgüli, kesbiniň ökde ussady hökmünde, türkmen kinosy barada maglumat berýän neşirlerde kän gezek häzirkizaman türkmen multiplikasiýasynyň düýbüni tutujy Möjek Çaryýew diýip atlandyrlýan ussady, tanamaýan ýok bolsa gerek.
Ol ýaşlygyndan suratlara we multifilmlere bolan höwesiniň netijesinde, Moskwada S.Gerasimow adyny göterýän meşhur Bileleşik Döwlet kinematografiýa Uniwersitetiniň(häzirki S.Gerasimowyň adyndaky Russiýanyň Döwlet Kinematografiýa Uniwersiteti) Animasiýa multifilm bölüminde bilim alýar.Onuň 1975-nji ýylda türkmen halk ertekisi esasynda el bilen çekilen “Böwenjik”atly multifilmi ilkinji türkmen multifilmi hasaplanýar. Onuň döreden” Böwenjik”atly multifilmi köp sanly halkara festiwallarda şeýle-de, Gazagystanda geçirilen kinofestiwalda baýrakly orna mynasyp bolýar.
Onuň bilen söhbetdeş bolanyňda multifilmiň käbir aýratynlykly taraplary barada sypaýylyk bilen berýän gürrüňleri adamda,täsirli bir duýguny döredýär, ruhuny galkyndyrýar.Ol multiplikasiýa sungaty barada gürrüň berýän söhbetdeşliklerinde, :”Multifilmiň suratlary grafika usulynda çekilýär.Her bir sekuntda 24 kadr geçýär.

Ýekeje ädim hereket üçin onlarça surat gerek bolýar.Multifilm ummasyz zähmet talap edýär, häzirki wagtda kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen multifilmleri taýýarlamak işi-de düýpgöter özgerdi, men bu meselede dünýä täzelikleri bilen yzygiderli tanşyp durýaryn, bu hünäre gyzyklanma bildirýän ýaşlara nusgawy esaslaryny uly höwes bilen öwrederin ” diýmek bilen, öz kesbiniň ökde ussady bolmagynyň, ýene bir aýratynlykly tarapyny açyp görkezýär, şeýle-de ýaşlarda bu ugra bolan höwesi has-da ardyrýar.Möjek Çaryýewiň “Böwenjik”atly eserinden başga-da birnäçe, “Uçýan haly”, “Kör garga”, “Garyplar we açgözler”, “Dutar”, “Meret we günjagaz”, “Jyk-jyk bilen garynja “, “Ependiniň başdan geçirenleri “ ýaly eserleri halk arasynda aýratyn orun eýeleýändir.
Türkmeniň milli sungatyny dünýä ýaýmakda ýerlikli goşandyny goşan Möjek Çaryýew 2011-nji ýylda”Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri”,2014-nji ýylda bolsa “Türkmenistanyň halk suratkeşi “diýen hormatly atlara mynasyp bolýar.
Bu bolsa ýurdumyzda döredijilik adamlary hakynda edilýän bimöçber aladanyň hakyky subutnamasydyr.Onuň döreden eserleri döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň her birini ruhlandyrmak bilen birlikde, halkymyzyň özboluşlylygyny nesillere ýetirmekde iň elýeter, düşnükli eser bolup milli kinematografiýamyzyň altyn hazynasynda müdimilik dowam etmegine mundan beläkde ýerlikli goşandyny goşar.
Taýýarlan
Ruhsara Jumageldiýewa
Türkmen oba hojalyk ins titutynyň talyby
Teswirler