Döredijilik duşuşygy

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda “Romeo we Julýetta”  spektaklynyň täzelenen görnüşi sahnalaşdyrylany mynasybetli Türkmenistanyň at gazanan artisti, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň režissýory Gülälek Akmyradowa, şol sanda ýaş artistleri Begenç Garlyýew, Merjen Garlyýewa, Şemşat Kasymowa, Azat Didarow dagylar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Režissýor Goçmyrat Bekiýewiň 2000-nji ýylda goýan spektaklyny režissýor Gülälek Akmyradowa täzeden sahnalaşdyrdy.

– Biz eseriň ýordumyna çuňňur aralaşyp, täzeden sahnalaşdyrylan oýna esasy adamzat gymmatlygy – älem we parahatçylygy saklamak barada baş ideýa hökmünde söýgini öňe sürmek isledik – diýip Gülälek Akmyradowa belläp geçýär.

Iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň belli eserleriniň biri ýaşlaryň päkize söýgüsi barada gürrüň berýär. Ençeme asyr mundan ozal ýazylan bu eser häzirem belent duýgularyň naýbaşy hasaplanýar. Elbetde teatry aýdym-sazsyz göz öňüne getirip bolanok. Şonuň üçin biz bu iki sungat barada söhbetdeşlik etmegi makul bildik.

Dabaramyzy konserwatoriýamyzyň II ýyl talyby Doýduk Öwezberdiýewanyň alyp barmagynda Gülälek Akmyradowa açyp, teatr sungatynda saz sungatynyň ähmiýetli ornunyň bardygyny, olaryň aýrylmaz baglanyşyklydygy we teatr sungatynyň inçe syrlary barada diýseň gyzykly gürrüňleri berdi. Döredijilik duşuşygymyzyň dowamynda konserwatoriýamyzyň talyp ýaşlaryndan düzülen kwartet toparynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe nusgawy sazlar ýaňlanyp,  ýaş aktýorlaryň täsirli sahna hereketleri, konserwatoriýamyzyň talyplarynyň ýörite taýýarlan soraglary bilen utgaşyp tomaşaçylaryň diýseň göwnünden turdy.

Söhbetdeşlik agşamymyzyň soňunda kwartet toparynyň saz çalmagynda Gülälek Akmyradowanyň şeýle bir aktýorçylyk ussatlygy bilen ýürekden çykan, Enelere bagyşlanan monology diňleýjileri duýgulandyryp, gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldy.

.

Güljemal Durdyýewa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň Sazşynaslyk hünäriniň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok