Türkmen ýigitleriniň uçar ganaty bolan bedewler ähli döwürde-de halkymyzyň buýsanjy bolupdyr. Biziň halkymyzda gadymy döwürlerden bäri ata sarpa goýmak däbi dowam edip gelipdir, olar kümüşleri we gymmat bahaly daşlary gaýgyrmazdan aty bezemäge çalşypdyrlar. Oňat at we onuň owadan bezegi onuň eýesiniň baýlygy, şeýle hem gymmat bahaly sowgat bolupdyr. Öňki döwürlerde her bir türkmen ojagynda at kişňäp dursa, şol maşgalanyň agzybirliginiň, bolelinliginiň ýagny dokuzy düzüwliginiň nyşany hasaplanypdyr. Şonuň üçin-de, halk arasynda; “Ertir turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy”, “ At ýigidiň myrady”, “At agynan ýerde toý bolar ýaly” nakyllar döräp, olar türkmen halkynda ata goýulýan sarpanyň aýdyň ýüze çykmasyna öwrülipdir. Bu bolsa halkymyzyň durmuşynda bedew atyň aýratyn ornynyň bardygyny alamatlandyrýar.
“Ýigide maly (aty) döwlet getirer bolsa, gelin-gyza haly” diýen parasatly garaýyşdan ugur alan pederlerimiz aty döwlet hasaplapdyrlar. Gelin-gyzlarymyz atlar üçin ýörite halydan, onda-da inçejik ýüpege ýüwürdilen halylardan köýnekçe, güpjek, gursakça, eýerlik, boýunbag bilen birlikde ata bökderilip urulýan owadan at horjunlaryny, dürli at torbalaryny dokapdyrlar. Olar aty gözlük, göwüsbent, alagaýyş bilen bezeýişleri ýaly, olara dagdan agajyndan we beýleki berk agaçlardan eýer ýasap, onyň hem gaşyny tylladyr kümüş bilen bezäpdirler. Onuň aşagyndan bolsa eýer atyň sagrysyny ýara etmez ýaly, galyň gyrkylyp dokalan gursakçany geýdiripdirler. Eýeriň üstünden inçe egrilip, syk dokalan eýerlik ýapylypdyr. Ýol harajaty üçin gerek bolan goşlary salmaga niýetlenen horjunlara mahmal ýaly ýumşak derlikler dokalyp salnypdyr. “Derlik” uzak aralykda çapylyp, derläp gelen ata geýdirilipdir we ol atyň heniz ýel çalmanka, oňa bir zelel ýetmänkä çalt guramagna ýardam edipdir. Keçäniň berk bolmagy üçin onuň basymyny ýetirseler, owadan bolmagy üçin olaryň ýüzlerini dürli keşdeler bilen keşdeläpdirler. Inçe hem iňňän syk edilip, kakmadan at torbalaryny dokapdyrlar.
At “içirgisi” – atyň arkasyna eýeriň aşagyndan ýapylýan haly önümidir. Haly içirgileriň nagşy merkezi we gyra nagyşlaryndan ybaratdyr. At içirgisine hem “at köýnekçe”, “goçak”, “tegbent” we şuňa meňzeş dürli owadan nagyşlar salnyp, içirgiler atyň üstüne atylýan bezeg hökmünde hyzmat edipdir. At bezegleri keçeden, ýüpekden edilipdir. Keçeden, ýüzleri el nagyşlary bilen bezelen gön bilen berkidilen at basryklar çapyşykdan gara dere batyp gelen atlaryň üstüne şemal kakyp üşemezligi üçin atylypdyr. Ak keçeden edilen at içirgileriň gyrasy ýüzüne dürli reňkli matadan ýa-da el nagyşlary bilen içliklenip, gyrasyna seçek tutulan gyrmyzy ýüpekden bolan at ýapynjalar ata aýratyn görk beripdir.
Haly eýerlik – Atyň eýerini bezeýän haly önümidir. Bedew atlaryň eýeriniň şekiline görä, ölçegli çitilip dokalýan, gyralary dürli ýüplerden seçeklenýän haly eýerlik bedew atyň bezegi bolmak bilen, ol bedew atlaryna ýapylýan ajaýyp serpaýdyr.Ol haly içirgisinden kiçiräk bolup, töweregi tegelenip gaýdýar. Eýerligiň merkezine haýsy hem bolsa bir nagyş “salyr göl”, “pendi göl”,“aýna goçak”, “şelpeli gölçe” we şuňa meňzeş nagyşlar salynyp, onuň töweregine “barmak”, “gyýak”, “egrem”, “topbakgül”, “toýnuk ýaly” maýda nagyşlar salynýar. Eýerligiň daşyna işilen gyzyl we gara, ýaşyl, gök reňkli ýüpekden ýa-da erişden seçek edilýär.
Derlik – uzak aralykda çapylyp, derläp gelen ata geýdirilýän haly ýa-da palas önümidir. Ol mahmal ýaly ýumşak we ýuka dokalypdyr. Oňa köplenç “okgöz”, “peýkam”, “gülýaýdy”, “gyýak”, “dagdan” ýaly owunjak nagyşlar salynypdyr. Ol ata bir zelel ýetmänkä, heniz derläp gelen bedewe ýel çalmanka guramagyna ýardam edipdir. Ol, köplenç, tomus aýlarynda at keçe deregine-de ulanylypdyr.
Güdri Güpjek –halydan dokalan we has ýumşak etmek maksady bilen ýassyk şekilli haly önümidir. Bu köplenç uzak ýola gidilende göterilipdir, gerek ýerinde ýassyk deregne ulanylypdyr. Ol käwagt atyň ýagyrnysyny ýagyr bolsa, eýer degip halys zaýalamaz ýaly daňynyň ýada gursakçanyň üstünden goýupdyrlar. Ýomut şiwesinde häzirki wagta çenlide ýassyga “küpjek” diýilýär. Olar köplenç gyzyl reňkde edilip, onuň gyralaryna “erikgül” merkezine “ahal göli” salnyp dokalypdyr.
At “boýunlyk”– Dört barmak inliginde atyň boýnuna laýyk uzynlyk ölçeginde dokalýan haly önümidir. Onuň ýüzi “atanak”, “şelpe” ýaly nagyşlar bilen bezelýär. At boýunlygy atyň boýnunyň aşagynda birleşýän iki ujy gotazlar bilen bezelen haly önümidir. Oňa köplenç “alaja” bilen birlikde “erikgül”, “nargül” “dagdan” ýaly nagyşlar salnypdyr. Bu bezeg bedewlere köplenç toýlarda dakylypdyr.
Gursakça – atyň göwresini ýapyp, garnyndan aşak owadan seçekleri sallanyp duran, inçe we owadan haly önümi. Gursakçanyň ýerligi gyzyl bolup, oňa gelin-gyzlarymyz köplenç, gadymy “ok ýaý” nagşyny “akja gölüni” we owunjak “ahal göllerini” salypdyrlar. Seçeklerini bolsa dürli reňkli ýüpler bilen alaja şekilinde işipdirler, onuň ujyna hem bezeg üçin dürli monjuklary dakypdyrlar.
Öňki wagytlardan bäri sowukdan, çybyn-çirkeýden, ýara düşmekden goramak üçin atyň üstüne ýapylýan ýapynjalar mydama aýal-gyzlar tarapyndan taýýarlanypdyr. Olara jul, atkeçe, basyrgy, tegeltgi, ýapynja şeýle hem içirgi, derlik ýaly zatlar girýär.
Jul – atyň üşemezligi üçin onuň üstüne ýapylýan örtgi, köýnekçe bolsa juluň bezeg üçin edilen görnüşidir. Häzirki döwürde juluň, köýnekçäniň dürli matadan tikilýän görnüşinden başga-da haly görnüşi hem bar. Onuň haly görnüşini aýal-gyzlar dürli türkmen gölleri bilen bezäp, atyň üstüne, kä ýagdaýlarda eýeriň üstüne laýyk geler ýaly edip, baýramçylyklarda bezeg ýa-da sowgat etmek maksady bilen dokaýarlar.
Atkeçe – atlara salynýan keçeler dürli-dürli bolýar. Büreme keçe-at hereketsizkä üşemezligi üçin salynýar, onuň boýy 18 garyş, ini 10 garyş bolýar. Müngi keçe-boýy 12 garyş, ini 6 garyş bolup, at münmek üçin edilen keçedir. Basyrgy-ata gyşyna salynýan keçe. Tegeltgi hem üç gat keçeden we bir gat teletinden edilýär. Eýeriň aşagyndan goýlup, atyň endamyna eýeriň batmazlygyny üpjün edýär. Ýapynja hem aýal-gyzlar tarapyndan taýýarlanyp, atyň üstüne atylýar. Ýüňden edilen ýörite atyň boýuna barabar ululykda biçilip, dikilýän örtgidir. Ol köplenç ak ýüňden edilýär we keşdelenip owadanlanýar. Ol aty derli we gyş wagtlary sowuklamadan goramaga ýardam edýär. Oňa el keşdesi bilen “goçak”, “siňirme” nagyşlary salynýar.
At torba – atyň boýnundan asar ýaly uzyn berk ýüp tutulyp, ol atlaryň agzyna geýdirmek we içine arpa guýmak maksady bilen dokalýar. Onuň iki gapdalyna ýüňden örülen ýogyn alaja ýüpi berkidilýär. Ak ýa-da gyzyl reňkli ýüňden dokalyp ýüzüne “gyýak”, “egrije”, “gülýaýdy”, “atanak”, “at köýnekçe”, ýaly sadaja nagyşlar salnyp dokalýan palas önümidir. Ondan arpa, bugdaý däneleri gaçmaz ýaly, örän syk ýagny daragy köp kakylyp dokalýar.
At horjuny – halydan we palasdan edilen iki gözli haly önümidir. At horjunlary hem beýleki horjunlar ýaly gözelýär, ýöne olardan tapawutlylykda “gözegleriň” gapdalynda “gulak” goýulýar. Bu gulaklar gözelip bolnan horjuny atyň eýerine berkitmek, ýagny bökdemek üçin gerek bolýar. At horjunynyň gözgi bagy birsydyrgyn, örülen ýüpden bolýar we bökderi bagy öz islegiňe görä edilýär. Gelin-gyzlarymyz ony owadanlyk we göz degmezlik düşünjesi bilen alajadan hem edýärler.
Bulardan başga-da, gadymdan bäri atlara göz degmesin diýip hem-de bezeg üçin niýetlenip ulanylýan dogabag, alaja ýüp, dürli dogajyklar dakylypdyr.
Häzirki döwürde Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlary bedew atlary bezemek üçin täze nusgalary döredýärler. Döwür bilen birlikde atlaryň üstüne atylýan jullaram, köýnekçelerem täze-täze mazmuna, görke eýe bolýar. At aýlawlarynda her çapyşykda ilkinji gelen atyň üstüni türkmen zenanlarynyň eliniň çeperliginden dörän ajaýyp halylar bezeýär.
At haly önümleriniň owadan reňki nagyşlar bilen bezelen görnüşleri bolup, olar biziň gamyşgulak bedewlerimiziň owadan uzyn boýnuna has-da görk berýär.
Umuman, at bezegleriniň ählisine syn edenimizde dünýä boýunça owadanlygyna, ýyndamlygyna taý tapylmaýan behişdi bedewlerimiziň şeýle eý görlüp, bezelendigine göz ýetirýärsiň.
Akbike Jumaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni
Teswirler