Tehnologiýanyň çalt ösmegi bilen akylly enjamlar durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şeýle-de bolsa, tehnologiki enjamlaryň, esasanam smartfonlaryň iň uly meseleleriniň biri batareýanyň ömri bolup durýar.
Oksford uniwersitetinde nano-elektromehaniki ulgamlaryň üstünde işleýän hünärmenler, enjamlara az güýç sarp etmäge mümkinçilik berýän tehnologiýanyň synaglaryny tamamlady. Oksford we Pensilwaniýa uniwersitetleriniň alymlary tarapyndan aragatnaşyk tehnologiýalarynda kwars garaşlylygyny ýok etmek üçin ýygylygyny üýtgedip boljak örän kiçi nanomateriallaryň tehnologiýasy boýunça synaglar birnäçe tapgyrda alnyp baryldy we ýakynda bu ugurdaky gözlegler doly tamamlandy.
Bu täze tehnologiýada, ýygylyklaryň arasynda 10 esse çalt geçip bilýän we 1 million esse az güýji sarp edip bilýän nanomateriallar, aşa güýç sarp edýän we ýygylyklaryň arasynda çalt geçip bilmeýän akylly enjamlarda maglumat alyş-çalşygy üçin ulanylýan kwars esasly ýygylyk sintezatorlarynyň ýerine ulanylýar. Synagdan geçen tehnologiýa önüme öwrülse, akylly telefonlar, goşar sagatlary, radio, telewizor, kompýuterler, öý awtomatlaşdyryş ulgamlary we awtoulaglar ýaly akylly enjamlarda has az energiýa sarp edilmegi bilen has çalt maglumat tizligi gazanylar. Şeýlelik bilen, akylly enjamlaryň batareýa ömri 60 göterime çenli ýokarlanar.
Baky AKMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler