Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň jemi

Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň prezidenti Ram Nath Kowind bilen gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň beren maglumatyna görä, ýekelikde geçirilen ýygnakda döwlet Baştutanlary söwda we ykdysady ugurda möhüm orny eýeleýän türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn energiýa, senagat we ulag pudaklarynda, şeýle hem ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy we söwda pudagynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin uly itergi beriljekdigini nygtap geçdiler.

Liderleriñ esasanam, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy we Merkezi Aziýa-Ýakyn Gündogar we Günorta-Demirgazyk transport ugurlarynyň döredilmegi ýaly iri halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berdiler.

Prezident Ram Nath Kowind, türkmen döwletiniň baştutanyny amatly wagtda Hindistan Respublikasyna döwlet saparyna çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edilip, saparyň senesi diplomatik ýollar arkaly ylalaşyljagy bellenip geçildi.

Dabaranyň ahyrynda resminama gol çekilensoñ, Türkmenistanyň we Hindistanyň prezidentleri metbugatyň wekillerine ýüzlendiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz jenap Prezident Ram Nath Kowind bilen halkara guramalarda, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-birege mundan beýläk hem goldaw bermek barada ylalaşdyk» diýip belledi.

Günüň ikinji ýarymynda Ram Nath Kowind Gypjak obasyna baryp, ol ýerde Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Niýazowyň kümmedine gül goýup hatyralady.

Şol gün paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň halky, ýagny bilimli we şol ugurda hünärmen taýýarlaýyş okuw boýunça Hindi Tehniki we Ykdysady Hyzmatdaşlyk, medeni gatnaşyklar boýunça hindi geňeşi, şeýle hem Türkmenistanda hindi dilini öwredýän uniwersitetler bilen duşuşyk geçirildi.

Şeýle-de Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşikleriniň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok