Makadamiýa hozy tropiki sebitlerde ösýän ösümlik bolup, ol ösüşiniň onunjy ýylynda hasyla durýar. Bu bolsa onuň gymmatyny has-da artdyrmak bilen birlikde, makadamiýa dünýäde iň gymmatly hoz hökmünde tanalýar. Makadamiýa hakyndaky ilkinji maglumatlar 150 ýyl mundan ozal beýan edilipdir. Köp ýaýran ýerleri Gawai adalary, Braziliýa, Günorta Afrika, Awstraliýanyň günorta sebitleridir. “Makadamiýa” ady oňa ilkinji bolup kesgitleme beren awstraliýaly botanik Ferdinand Mýuller tarapyndan dakyldy (öz dosty Mak-Adamyň hormatyna). Bu at 1930-njy ýylda Awstraliýada “Makadamiýany söýüjileriň” birleşigi döredilenden soň, has ýörgünli boldy. Bu hoz gadymy wagtda hem ýerli taýpalar tarapyndan gymmatly pul birligi hökmünde ulanylypdyr. 1972-nji ýylda yklymyň ýaşaýjylary 70 tonna hoz miwelerini ýygnamagy başaran bolsalar, häzirki wagtda bu görkeziji 40 000 tonna deňdir. Ýer ýüzünde bu gymmatly hozuň 9 görnüşi belli bolup, Awstraliýada 5 görnüşi ekilýär.
Makadamiýanyň peýdalary:
Bu hozuň düzümi ýokumly maddalara baý bolup, esasan hem B, E, PP witaminler, peýdaly minerallar, kalsiý, selen, mis, fosfor, sink, kaliý ýaly elementler saklanýar. Beýleki hozlarda bolşy ýaly, makadamiýada hem saklanýan ýag kislotalarynyň mukdary ýokarydyr. Gündelik iýmitde makadamiýany ulanmak deri kesellerini azaldýar, saçyň öwüşginliligini artdyrýar. Şeýle-de ýag mukdarynyň köpdügine seretmezden iýmitlenişde makadamiýany ulanmak horlanmaklyga hem täsir edýär. Hozuň düzümindäki omega-3 ýürek-damar keselleriniň öňüni almak bilen, gandaky holesteriniň derejesini peseldýär. Düzümindäki kalsiý bolsa bogunlaryň we süňkleriň berkemegine oňaýly peýda berýär. 100 garmynda 720 kkal bolup, 7,9 gram belok, 76 gram ýaglar, 5,2 gram uglewodlar saklanýar. Kaloriýalylygynyň ýokarydygy sebäpli makadamiýany günüň dowamynda bir gezeklik peýdalanmaklyk ýeterlikdir. Bulardan başga-da allergiki täsiri, aşgazan-içege keselleri bar bolanlara ulanmak maslahat berilmeýär. Awstraliýanyň ýerli aborigenleriniň iýmitlenişinde makadamiýany peýdalanmaklyk özboluşly hem-de ýörgünli däp bolup, olarda ösüşden yza galan çagalara makadamiýa hozy berilýär.
Makadamiýa – lukmançylykda
Dürli maksatlar üçin gündelik ulanylýan ençeme kosmetiki serişdeler, deriniň täzelenmegini çaltlandyrmak ukyby bolan gymmatly derman serişdeleriniň birnäçesi makadamiýadan taýýarlanylýar. Ol serişdeler saçyň we dyrnagyň follikulalaryny güýçlendirýär.
Jeren GALANDAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Önümçilik tejribelikleriniň ýolbaşçysy.
Teswirler