“Kosmos kömelegi” ýetişdiriler

Adam ömrüni uzaltmagy we sagdyn ýaşaýşyny goldaýan islendik ulgamyň ösüşi her bir pudakda, aýratyn hem kosmos giňişligine guralýan syýahatlarda, ylmy gözleglerde zerur bolup durýar. Şeýle möhüm maksatnamalaryň biri-de kosmonawtlary kosmos giňişliginde gerekli iýmit önümleri bilen üpjün etmeklik maksady bilen işlenip düzülen Aýda kömelek ýetişdirmegiň usulydyr. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Awstriýanyň ylmy gözlegçileri bilen bilelikde Aýda kömelek ýetişdirmegiň konseptual modelini döretdiler. Kosmosda kömelek ýetişdirmegiň konseptual modeli iki moduldan ybarat bolup, birinjisi gerekli substraty taýýarlamak we sterilizasiýa etmek; ikinjisi bolsa taýýar substratda kömelegi ekmek hem-de ösdürip ýetişdirmekdir. Bu modeliň kömegi bilen ýene-de goşmaça modullary girizmek arkaly kömelek önümçiligini artdyryp bolar. Aýda ösdürmek üçin iň amatly bolan kömelek hökmünde weşenka kömelegi saýlanyp alyndy. Bu kömelegiň düzüminde natriý, doýan ýag kislotalary, holesterin azdyr. Şol bir wagtyň özünde ol belogyň, tiaminiň, B6 witamininiň, foliý turşusynyň, demir, marganes, sink, magniý elementleriniň, süýümiň, riboflaminiň, pantoten kislotasynyň çeşmesidir. Işlenip düzülen modele laýyklykda kömelegi ösdürmeklik iki aýyň dowamynda alnyp barlar. Kömelekleri ösümlik galyndylarynda ösdürmeklik meýilleşdirilýär. Hünärmenleriň pikiriçe, bu tehnologiki sikl 86 kg ösümlik galyndylaryny ulanyp, 28 kg kömelek hasylyny alyp boljakdygyny nygtaýarlar. Bu alnan mukdar bolsa 15 kosmonawt üçin hepdede 100 gr weşenka kömelegini öz içine alýan iki nahary iýmeklige şert döredýär.

Kömelegi kosmonawtlaryň iýmitine goşmagyň esasy sebäbi-de kömelekde ösümliklerden tapawutlylykda D witamini saklanýar. Haçanda kosmosda et önümlerini iýmeklik mümkin bolmadyk ýagdaýynda ýetişdirilen kömelek D witaminiň ýeke-täk çeşmesi bolup biler.

Gunça  NAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk  institutynyň
Ösümlikçilik kafedrasynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok