Ýurdumyzda pul dolanyşyk

Diýarymyzda amala aşyrylýan ykdysady özgerişler bank hyzmatlarynyň bazarynyň ýokary depginde ösmegini talap edýär. Bu bolsa öňdebaryjy daşary ýurt tejribesine öwrenip, Türkmenistanyň banklarynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagyna, dünýä kompýuter torunyň ornaşdyrylmagyna bolan zerurlygy ýüze çykarýar hem-de şol esasda täze görnüşli bank hyzmatlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.     

Ýurtda maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň toplumyndaky iň esasy talaplaryň biri bolup pul dolanyşygynyň durnuklylygyny gazanmak bolup durýar. Türkmenistanyň kanunçylygynda berkidilen pul dolanyşygynyň görnüşi pul ulgamydyr. Berkarar Türkmenistanyň pul ulgamy – bu ýurduň kanunçylyk namalary bilen sazlaşdyrylan pul dolanyşygynyň emele gelen taryhy gurluşydyr. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap özüniň pul ulgamyny emele getirdi, onuň düzümleýin elementlerini kesgitledi: manadyň daşary ýurt walýutasyna hümmet gatnaşygyny, pul dolanyşygynyň tertibini we ş.m. belledi.

Pul ulgamynyň merkezi elementi bolup pul dolanyşygy durýar. Pul dolanyşygy – bu zähmete hak tölemegiň, harytlary ýerleşdirmegiň, hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň we beýleki tölegleriň amala aşyrylmagynyň barşynda puluň üznüksiz hereketidir. Pul dolanyşygynyň esasy bolup pul bilen ýerine ýetirilen işleriň dolanyşykdaky serişdeleri we töleg serişdeleri hyzmat edýär.

Ýurduň pul dolanyşyk ulgamynyň netijeli hereket etmegiň üznüksiz önümçilik ýagdaýlaryny kadalaşdyrmaga  mümkinçilik berýär, inflýasiýany peseltmek üçin şert döredýär, hojalyk dolanyşygynyň janlanmagynyň, dolanyşyk serişdeleriniň üstüniň ýetirilmeginiň, maýa goýumyň giňeldilmeginiň işjeň faktory bolup çykyş edýär.

Pul dolanyşygynyň binýady bolup milli manat, puluň emissiýasy (gymmaty), pul dolanyşygyny guramagyň görnüşleri we kadalaşdyrmagyň usullary durýarlar. Pul dolanyşygynda pul aýlanyşygy möhüm düşünjedir. Hasabatda pul aýlanyşygy düşünjesine nagt we nagt däl pul aýlanyşygynyň umumy jemi diýip düşünilýär. Nagt pul aýlanyşygy bolup dolanyşyk ulgamyndaky nagt pullaryň hereketi we olaryň ýerine ýetiren işleriniň töleg serişdeleri we dolanyşyk serişdeleri durýarlar. Nagt däl pul aýlanyşygy bolup pul dolanyşygynyň görnüşi durýar, onda pul serişdeleriniň saklanylyşy we hereketi nagt pullaryň gatnaşygy bolmazdan geçýär, ýagny bank hasabyna puly geçirmegiň we töleýjiniň hasabyndan puly alýanyň hasabyna geçirmek ýoly arkaly amala aşyrylýar. Sebäbi pul-karz gatnaşyklarynyň barşynda pullar birnäçe wezipeleri ýerine ýetirýärler (baha ölçegleri, dolanyşyk serişdesi, töleg serişdesi, süýşirintgileri we dünýä pullaryny toplamagyň serişdesi), şonuň üçin aýlanyşykda bolan pullaryň mukdaryny we pul agramyny ölçemek üçin pul serişdeleriniň toparlary – pul agregatlary peýdalanylar.

.

Maral RÖWŞENOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň
Bank işi fakultetiniň
Bank işi we pul dolanyşygy hünäriniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok