Ýazdursun Gurbannazarowa Türkmenistanyň Adalatçysy wezipesine saýlandy

Türkmen telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, Milli Geňeşiň Mejlisiniň ýygnagynda Ýazdursun Gurbannazarowa Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekilligine (Adalatçy) saýlandy.

“Adalatçy baradaky” kanuna laýyklykda, deputatlaryň garamagyna 3 kandidat hödürlendi. Duşuşyga gatnaşyjylar biragyzdan ses berdiler. Milli Geňeşiň Mejlisleri “Adalatçynyň saýlanmagy baradaky” karary kabul etdi.

Ýazdursun Gurbannazarowanyň 2017-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça Ygtyýarly ilkinji wekilligine saýlanandygyny ýatlap geçmek bolýar. Ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, Ýazdursun Gurbannazarowa bu wezipede 5 ýyl işledi.

Ýulduz Babamyradowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok