Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind Halkara gatnaşyklary institutynda

2022-nji ýylyň 1 – 4-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda ýurdumyzda ilkinji gezek resmi saparyny amala aşyrýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind resmi saparynyň çäklerinde 3-nji aprel güni  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna geldi.

Belent mertebeli myhmany talyp gyzlar ter gül desseli, duz-çörekli, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dutarçylar topary bolsa aýdym-sazly garşy aldylar.

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary we mugallymlary bilen duşuşygyň başynda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Peethambaran Naire institutyň rektoryna iki ýurduň medeni gymmatlyklary bilen bezelen ýadygärlik poçta markasyny gowşurdy.

Soňra Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind talyplaryň öňünde Hindistanyň taryhy, daşary syýasatynyň aýratynlyklary, türkmen-hindi gatnaşyklary barada çuňňur manyly çykyş etdi. Belent mertebeli Prezident çykyşynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgusyndan setirleri getirmegi has-da täsirli boldy. Institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew Prezident Ram Nath Kowindi institutda döredilen Hindistanyň burçuny açmaga çagyrdy.

Täze açylan Hindistanyň burçunda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Rüstemowa hindi dilinde çykyş etdi. Halkara gatnaşyklary institutynyň baş binasynyň I gatynyň çep ganatynda açylan Hindistanyň burçy bu ýurduň medeniýeti, däp-dessurlary, ylym-bilim ulgamyndaky gazananlary, ýurtlarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk gatnaşyklary içgin öwrenmäge ýardam eder. Iki dostlukly ýurduň kitaplary, medeni gymmatlyklary bilen baýlaşdyrylan Hindistanyň burçunda maglumatlary sanly ulgamyň üsti bilen tanyşmaga hem mümkinçilik döredilen. Tanyşlykdan soňra Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok