Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen “EKSPO – 2020” öz işini tamamlady.
“Pikirlerimizi birleşdirip, gelejegi döredýäris” atly şygar astynda geçirilen bu sergi 6 aý dowam etdi. 4,3 inedördül kilometr meýdanda guralan bu sergä 192 döwlet gatnaşdy. Sergi “Mümkinçilik, Ykjamlyk, Durnukly ösüş” atly esasy 3 bölümden ybarat boldy.
Sergini geçirmek üçin gurluşyk we guramaçylyk işlerine 7 millard amerikan dollary harçlandy. Birleşen Arap Emirlikleri bu serginiň göwnejaý we täsirli geçirilmegi üçin 8 ýyl taýýarlyk gördi. Geçirilen serginiň netijesi esasynda birnäçe şertnamalara we özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalara gol çekildi.
Abdyrahman JAPAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler