Aşgabatda bir hepdelik awtoulag hereketleri çäklendirilýär

Aşgabat şäher häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli daşky gurşawy goramak çäreleriniň bir bölegi hökmünde ekologiýa aksiýasy paýtagtymyzda 4-nji aprelden 11-nji aprelde çenli bir hepde dowam eder. Bu barada ýekşenbe güni türkmen teleýaýlymlarynda habar berildi.

Bu hepdäniň dowamynda sagat 8.00-dan 18.00-a çenli jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga awtoulaglaryň hereketi çäklendirilýär. Bu çäklendirmeler esasan şahsy ulaglara degişlidir. Jemgyýetçilik transporty hökmünde ― awtobuslar we taksiler hemişeki tertipde işini dowam eder.

Bu başlangyç, awtoulag gatnawyndan daşky gurşawyň zyňyndylaryny azaltmagy maksat edinýär we bu işjeň “ýaşyl” gatnaşyjy hereketi hökmünde welosipedi şäher ulaglaryna birleşdirmegi maksat edinýär.

Şeýle hem, bu çäre, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini alamatlandyrýar.

Seýli Aryşow

TDIM HGI-niň Halkara žurnalistika hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok