Otagy dezenfisirleýän güller

Mörjöwleri we wiruslary öldürmäne ukyply ösümliklere fitonsidişjeň ösümlikler diýilýär. Antiseptiki täsirli ösümlikleriň esasy sebäbi olaryň efir ýaglaryny saklaýandygynda. Şol efir ýaglar keseldörediji gurşawy emele getirýän wiruslaryň, mörjöwleriň we heň kömelekleriniň ýaşaýan gurşawyny zeperlendirýän  fitonsidler uçujy maddalara baý.  Şonuň üçin käbir belli ösümlikler howanyň arassalaýjylary bolup hyzmat edýär.

Biruslara garşy ösümlikleriň şasy – bu ewkalipt ösümligi. Ýokary demalyş ýollarynyň kesellerine garşy ulanylýan maddalaryň içinde ewkalipt lukmançylykda ilkinji ýerde durýar. Ondaky uçujy maddalar howany zyýansyzlandyrýar we demalşy ýeňilleşdirýär.

Limon, mandarin, apelsin ýaly sitrus agaçlar keseldörediji mikrofloradan howany arassalaýar we ony wiruslaryň we mörjölileriň ýaşamagy üçin amatsyz howa öwürýär.

Pürli otag gülleri (pihta, ewkalipt) hem köp mukdarda antiseptiki täsirli efir ýaglaryny saklaýar. Şondaky efir ýaglary bugaryp howany zyýansyzlandyrýar.

Mirt ösümligi hem dezinfektorlara degişli. Bu ösümlikler wiruslaryň işjeňligini peseldýär Kohyň (inçe kesel)  taýajygy ýaly mörjöwlilere we stafilokokka garşy ulanylýar.

Lawr agajy diňe bir huruş bolman, ol güýçlitäsirli antiseptik efir ýaglary saklaýar. Kiçiräk lawr agajy bir otagy arassalamaga güýji ýetýär.

Lawanda tebigy rahatlandyryjy we ukladyjy häsiýeti bar. Onuň sebäbi antiseptiki häsiýetli efir ýaglary.

Ýene bir huruş razmarin ösümligi bar. Eger-de öýde razmarin ýetişdirilende  ol otagda keseldörediji mikrofloranyň garşysyna ulanylýar.

Krapsula (tolstýanka, pul agajy) hem dezinfisirleýji häsiýeti bar. Ol hem şol ösümlige golaý 80 %-e ýakyn kesel dörediji gurşawy zyýansyzlandyrýan fitonsidleri saklaýar.

Nasiba Maşaripowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok