Medeniýet – halkyň ylham çeşmesi

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň batly gadamlary il-güne asudalyk, agzybirlik, bolelinlik arzuwlaýan, bagtyýar raýatlarymyzyň köňül telwasynyň galkynmasydyr, watandaşlarymyzyň päk ýürekden halal zähmet çekip, ýurt berkararlygyny, berk binýatlylygyny belent derejelere ýetirmegidir. Bu bagtyýar zaman – kalbynda döredijilige, sungata, millilige çäksiz hormat hem-de sarpa püre-pür bolan merdana ogul-gyzynyň ýürek joşgunydyr!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýet we sungatyň täze ulgamy kemala gelip, onuň ruhy binýady has hem baýlaşýar. Mähriban halkymyz milli öwüşginlere baý, ajaýyplyga ýugrulan, belent sungat derejesine ýetirilen halyçylygy, zergärçiligi, küýzegärçiligi, atşynaslygy, kalplary joşdurýan ajaýyp owazlara beslenen aýdymdyr-sazlary, halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerini medeni-ruhy gymmatlyklar hökmünde arzylap, sarpalap, onuň ösmegine saldamly goşant goşdy. Eziz Diýarymyzda  bu ugurda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň BMG tarapyndan diňe bir ykdysady-syýasy babatda däl-de, eýsem medeni-ruhy babatda hem kuwwatly, ösen ýurt hökmünde ykrar edilmegini gazanmak, toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmek arkaly ulgamyň ösüşini güýçlendirmek, sebit we dünýä döwletleri bilen bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça giň gerimli çäreler esasy orny eýeleýär.

Her bir ýurduň milli özboluşlylygy, ýüzüniň tuwagy, başynyň täji, milli häsiýetleri, ruhy dünýäsi – onuň medeniýetinde, sungatynda jemlenen. Türkmen medeniýetiniň uzak döwürleriň, müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren milli baýlyklaryna milletimiziň ruhy ösüşiniň özeni hökmünde garamak bolar. Halkymyzyň sünnäläp getiren şaý-sepleri, halydyr-palasy, gülli keçesi, bedew atydyr-alabaýy, halk döredijiligimiziň baý hazynasy, mukaddes maşgala gymmatlyklary, däp-dessurlary, milli mirasymyzy nesillerimiziň kalbynda baky orun alyp, durmuşymyzyň daýanjy bolup, ýagty geljegimiziň ygtybarlylygyna, milletimiziň sarsmaz ynamyna kepil geçýän binýada öwrüldi. Dünýä döwletleriniň ençemesinde ýurdumyzyň medeniýet-sungat günleriniň geçirilmegi hem türkmen medeniýetiniň dünýä çykmagyna, uly abraýa eýe bolmagyna  giň ýol açýan möhüm şertleriň biridir.

Şeýle bagtyýar döwrümizde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda milliligimize, medeniýetimize, sungatymyza uýup, ony sarpalap, gymmatly ýörelgelerimizi mynasyp derejede dowam etdirmek we kämilleşdirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Goý, berkarar zamanamyzda türkmeniň medeniýeti we sungaty, sungat ussatlarymyzyň döredýän bu ajaýyp eserleri döwrümiziň sesine ses, rowaçly menzillerimiziň badyna bat goşup, durmuşymyza bagtyýarlyk nuruny çaýsyn! Mähriban halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan tutumly başlangyçlarynda üstünlikler, rowaçlyklar ýar bolsun!

Maksat ESENMYRADOW,

Gubadag etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok