“HALYPALAR MEKDEBINIŇ” sahypasyndan

Häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty döwrebap ýokary okuw mekdepleriň biridir. Bu institut Aşgabadyň Rus dili we edebiýaty pedagogik instituty ady bilen 1983-nji ýylyň 23-nji maýynda TKP-nyň MK-nyň we TSSR MS250 belgili karary hem-de TSSR-iň Ýokary we ýörite orta bilim ministrliginiň 1983-nji ýylyň 6-njy iýunyndaky 86 belgili burýrugy esasynda döredildi. Ol TSSR-iň ýokary we ýörite orta bilim ministrliginiň 1984-nji ýylyň 29-njy fewralyndaky 23 belgili buýrugy esasynda 1984-nji ýylyň 1-nji martyndan işe başlady. 1990-njy ýylyň 1-nji fewralyndan Türkmen döwlet diller we edebiýat pedagogik instituty diýlip atlandyryldy. 1991-nji ýylyň 13-nji maýynda instituta Döwletmämmet Azadynyň ady dakyldy. 1995-nji ýylyň 11-nji awgustynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty diýlip atlandyryldy.

      Häzirki günlerimizde Institutyň mugallymlary we talyplary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamynda geçirýän täze özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň dil, edebiýat, bilim, ylym, jemgyýet we dünýä tejribesini öwrenmek baradaky taglymatlary ýokary bilim, päk ahlakly, belent ruhly hünärmenleri taýýarlamakda uly ýardam edýär. Institutyň esasy wezipesi ýurdumyzyň halk hojalygy üçin döwlet we daşary ýurt dili mugallymlaryny we terjimeçileri taýýarlamakdan ybaratdyr. Institutda 14 sany dil boýunça hünärmen taýýarlanylýar. Institutyň düzüminde 5 sany fakultet, 17 sany kafedra işleýär.

Indi 40 ýyla golaý bäri eziz Diýarymyzyň ýaşlaryna döwrebap bilim berip gelýän institutymyzda professor-mugallymlaryň, dilçi alymlaryň ençemesi zähmet çekdi we häzir hem aramyzda işläp ýörler. Ýene-de sanlyja ýyldan bu mähriban institutymyzyň ýubileý baýramy (institutyň döredilmeginiň 40 ýyllygy – 2023-nji ýylyň 6-njy iýuny) belleniler. Bu şanly senä bagyşlanyp institutymyzda zähmet çeken we häzir hem zähmet çekip ýören alym mugallymlarymyz, olaryň ýetişdiren şägirtleri – ýaş alymlary barada “Halypalar mekdebi” atly ýygyndyny taýýarlamagy maksat edindim. Şol maksat bilen institutymyzyň açylan ilkinji günlerinden işe başlan birnäçe halypalaryň ömri we döredijiligi, ylym ugrundan ýerine ýetiren gymmatly işleri bilen tanyşmaga mümkinçilik boldy. Her bir halypanyň zähmet ýoly bilen tanşanymda özümiň şeýle beýik ynsanlaryň elinde okap bilim alandygyma örän begendim. Bu halypalaryň beren sapaklary, geçiren okuw-seminarlary biz üçin häli-häzire çenli ýol-ýörelge, uly bir mekdep bolup galdy. Şol halypalaryň biri-de filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Lýubow Ankarowna Taýliýewa (1950-2016).

L.A. Taýliýewa 1950-nji ýylyň 14-nji aprelinde Mary şäherinde dogulýar. Ol Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebinde okap, orta bilim alýar. 1967-nji ýylda şol wagtky M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär we 1972-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini filolog, rus dili we edebiýaty (edebiýatçy) mugallymy hünäri boýunça tamamlaýar (Diplom Ю №982849).

Lýubow Ankarownanyň zähmet ýoly 1972-nji ýylda şol wagtky TSSR-iň YA-nyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň kitaplary saklaýyş we hyzmat ediş bölüminde uly kitaphanaçy wezipesi bilen başlaýar (1972-1973ýý.). Soňra TSSR-iň YA-nyň “Ylym” neşirýatynda korrektor wezipesinde işleýär (1973ý.). Ol 1973-nji ýylyň 16-njy martynda şol ýerde redaktor wezipesine geçirilýär.

L.Taýliýewa 1973-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspirantura bölümine okuwa kabul edilýär we 1976-njy ýylda ony üstünlikli tamamlaýar. Ol 10.01.03. – SSSR halklarynyň edebiýaty (türkmen edebiýaty) hünäri boýunça “Художественная концепция исторической личности поэта Кемине в литература Советского Туркменистана” temasynda kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlaýar. 1982-nji ýylda bu temany üstünlikli gorap, TSSR-iň YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Alymlar Geňeşiniň 1981-nji ýylyň 17-nji iýunyndaky Karary esasynda oňa Filologiýa ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesi berilýär (ФЛ № 004844).

1976-njy ýylda aspiranturany tamamlansoň Lýubow Ankarowna M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Sowet edebiýaty kafedrasynda mugallym wezipesinde işe başlaýar. 1982-nji ýylda şol kafedranyň uly mugallymy wezipesine geçirilýär. Mundan başga-da, L.Ankarowna 1981-nji ýylda TKP-nyň Aşgabat obkomynyň TDU-nyň ýanyndaky Marksizm-Leninizm uniwersitetiniň filosofiýa bölüminde okaýar (Diplom №31).

Lýubow Ankarowna 1984-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabadyň Rus dili we edebiýaty pedagogik institutynyň açylmagy bilen şol instituta sowet edebiýaty kafedrasyna uly mugallym wezipesine işe geçirilýär. Şol ýylda hem ony bu kafedraynyň müdiri wezipesine bellenilýär. 1988-nji ýylda şol kafedranyň dosenti alymlyk ady berilýär (Аттестат доцента ДЦ №006151). 1990-njy ýylda institutyň adynyň Türkmen döwlet diller we edebiýat pedagogik institutyna üýtgedilmegi bilen şol fakultetiň dekany, häzirki zaman edebiýatynyň nazaryýeti we taryhy kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty derejesinde galdyrylýar.

1995-nji ýylda institutyň ady Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna üýtgedilýär we Lýubow Ankarowna Milli mekdeplerde rus dili we edebiýaty fakultetiniň dekany wezipesinde işlemegini dowam etdirýär. 1997-nji ýylda Rus edebiýaty kafedrasynyň müdiri wezipesine bellenilýär we bu wezipede 1999-njy ýyla çenli işleýär. Soňra 2001-nji ýyla çenli şol kafedranyň dosenti wezipesinde işleýär.

Lýubow Ankarowna institutymyzda işlän döwründe çeken päk zähmeti, alyp baran asylly işleri üçin institutymyzyň ýolbaşçylary tarapyndan birnäçe gezek minnetdarlyk bildirilýär, sylaglanylýar. 1996-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Lýubow Ankarowna Taýliýewa “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglanylýar. 2008-nji ýylda “Zähmet weterany” derejesi berilýär.

Lýubow Ankarowna instituty-myzda işlän döwründe okuw kitaplarydyr gollanmalarynyň, ýyllyk we diplom işleriniň ýazylmagyna ylmy ýolbaşçylyk etmek bilen irginsiz zähmet çekdi. Halypa mugallymyň ady henize çenli unudylanok. Ol institutymyzyň ilkinji mugallymy, halypasy, alymy hökmünde ýatlanylýar. Onuň ýetişdiren şägirtleri – ylymlaryň kandidatlary, biziň halypa mugallymlarymyz häzirki
wagtda institutymyzda zähmet çekýärler. L.A.Taýliýewanyň birnäçe ylmy işleri we makalalary ýygyndylarda çap edildi.

Ýakynda şu ýygyndyny taýýarlaýandygym sebäpli halypanyň maşgala agzalary tanyşmak miýesser etdi. Mähriban mugallymymyzyň ýanýoldaşy Oraz Annaýewiç hormatly dynç alyşda. Gyzy Aýlar we ogly halypa mugallymymyz barada ýatlama albomyndan birnäçe suratlaryny we Lýubow Ankarownanyň ýazan işlerinden özlerinde galan nusgalaryny görkezdiler. Olaryň arasynda L.A.Taýliýewanyň şu ylmy işleri duş geldi:

  1. Художественная концепция исторической личности поэта Кемине в литература Советского Туркменистана: автореф.дисс.канд.филол.наук: 10.01.03. – А.,1981. – 25с.
  2. Кемине в художественной литературе // Отв.ред. М.Ф.Иванова. – Ашхабад.:Ылым, 1991. – 76с.
  3. Музыкальная культура Туркменистана в её связи с литературой //Рецензенты: канд.фил.н., Абдуллаев Д.У., к.ф.н. Гельдыев Г. – А.: Об-во “Знание”. – 1991. -31с.
  4. Поэт и его время (научное издание). – А.: “Рух”, 1995. – 160с.

Maýa ATAJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň Terjimäniň nazaryýeti we
amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok