Maglumatlary aňymyzda nädip saklaýarys?

Beýnimiz daşky gurşawdan duýgy organlarymyz arkaly maglumatlary ýygnaýar we ýatda saklaýar. Bu maglumatlar daşky gurşawy duýmak, meseleleri çözmek we özüňi alyp barşyňy ösdürmek ýaly meseleleri ýerine ýetirmek üçin hem ulanylýar. Maglumatlary ýatda saklaýarys, käwagt wagtlaýyn, käte gysga wagtlyk, käte bolsa uzak möhletleýin. Muny kesgitleýän zat, maglumat ýatda saklananda duýgur ýadyň, gysga möhletli ýadyň we uzak möhletli ýadyň haýsyny ulanýanlygymyzdyr.

Duýgur ýat bize birnäçe sekunt ýaly gaty gysga wagtyň dowamynda maglumatlary saklamaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, burnumyz gaty güýçli ys alanda, bu ysy gysga wagtyň içinde ýada salýarys ýa-da dürli ululykdaky binalary, dürli reňkli we şekilli awtoulaglary ýa-da ýörän ýolumyzda telefonda gürleşýänleri ýada salýarys. Ýöne ýeterlik derejede üns bermändigimiz üçin binalaryň, ulaglaryň we adamlaryň jikme-jikliklerini ýadymyzdan çykarýarys.

Konsentrasiýa duýgur ýadyň we gysga möhletli ýadyň arasyndaky faza hasaplanýar. Gysga möhletli ýat, duýgy organlary tarapyndan toplanan maglumatlara ünsi jemlemegiň netijesinde emele gelýär.

Gysga möhletli ýat, adatça 20-30 sekundyň dowamynda maglumatlary saklamaga mümkinçilik berýär. Berlen ünse baglylykda maglumatlaryň saklanyş wagty bir minuda çenli bolup biler.

Maglumatyň bir bölegi gysga möhletli ýatda saklansa, wagtyň geçmegi bilen uzak möhletli ýada geçýär. Umuman, uzak möhletli ýatda saklanýan maglumatlar aňda hemişelik galar diýip pikir edilýär. Şeýle-de bolsa, maglumatlaryň ömürboýy uzak ýatda galmagy ähtimal bolsa-da, bir gün ýa-da bir hepdeden soň ýatdan hem çykyp bilner.

Bägül AGANYÝAZOWA,

Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Himiýa fakultetiniň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok