Gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde zenanlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. “Edepli hem çeper elli türkmen gözeli” atly geçirilen bu bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda geçirildi.

Bäsleşik 3 tapgyrdan ybarat bolup, bäsleşige gatnaşan gyzlar özära bäsdeşdiler. “Gyz edebi il edebi” ady astynda geçirilen birinji tapgyrda gyzlar, gyzlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek terdibi, ata-enä hem-de ululara hormat goýmak ýaly edep-ekramllyyk hakynda gyzykly çykyşlar edildi.

Ikinji tapgyr “Hünärim bar – hormatym bar” ady astynda geçirildi. Onda türkmene mahsus bolan el işleri barada, sabyrlylyk barada we zähmetsöýerlik barada çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Soňra bäsleşigiň üçünji tapgyrynda oňa gatnaşýan gyzlar «Arkadagly Diýarda türkmen gözeliniň buýsanjy» atly temadan häzirki ajaýyp döwrümizi wasp edýän şahyrana setirler, çeper sahnalar, aýdymlar we gazallar bilen wasp etdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda, ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşigiň netijelerine görä baş baýraga Ahal welaýatyndan gelen Çaryberdiýewa Kümüş we Körhanowa Gurbanbibi birnji orna Daşoguz welaýatyndan, ikinji orna Balkan we Lebap welaýatlaryndan gatnaşan gyzlar mynasyp boldular. Üçinji ornuň baýraklary Aşgabat şäherinden, şeýle hem Mary welaýatyndan gatnaşan gyzlara berildi.

Sapargeldi ŞADURDYÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok