Ekologiýa syýasatynyň rowaçlanmagy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, halkymyzyň sagdyn ýaşaýşy üçin daşky gurşawy arassa saklamak, ekologiýa abadançylygyny berkarar etmek ugrunda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzda giň gerimli ekologiýa çäreleri durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda ýer-suw serişdelerinden we beýleki tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, önümçilige ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak, howa şertlerine oňaýly täsir etmek ekologiýa babatda esasy ugurlar hasaplanylýar.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ilatyň tebigat we onuň baýlyklaryny aýawly saklamak barada düşünjesini ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramagyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak şeýle maksatnamalarda göz öňünde tutulýan esasy wezipelerdir. Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamy boýunça kanunçylyk binýady halkara kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu ugurdaky meselelere bagyşlanan sebit we halkara derejeli maslahatlara giň gerim berilýär.

Ekologiýa sagdynlygyny gazanmakda Garagum sährasynyň jümmüşinde gysga wagtyň içinde dörän «Altyn asyr» Türkmen kölüni, Türkmenistanyň Tokaý maksatnamasy esasynda durmuşa geçirilen örän wajyp işleri, şeýle hem Araly halas etmek boýunça amala aşyrylýan işleri, Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamak hem-de onuň biodürlüligini emele getirmek, serhetýaka ýerlerdäki suw serişdelerini netijeli we ylalaşykly ulanmak hem-de çölleşmäge garşy geçirilýän çäreleri görkezmek bolar.

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologik syýasaty tebigaty goramaklygyň we tebigatdan peýdalanmaklygyň netijeliligini üpjün etmekde, halk hojalygynyň pudaklarynyň arasyndaky sazlaşygy gazanmakda, ykdysadyýeti ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmekde, döwletiň ekologik syýasatyny ylmy-amaly taýdan esaslandyrmakda, ilatyň sanitar-epidemologik howpsuzlygyny üpjün etmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde aýratyn uly ähmiýete eýedir.

Harkowa Rimma Aleksandrowna,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok