Sungatsyz hakyky ýaşaýyş ýokdur.
Ýewripid
Saz – ruhy we hakyky durmuşyň arasyndaky araçydyr.
Aristotel
Saz – adamzadyň içki dünýäsiniň ýüzüdir.
K.Weber
Saz bütin dünýäni ruhlandyrýar, adama ruhy güýç berýär, hyýalyňy ganatlandyrýar.
Platon
Aýdym-saz adamlar bilen ýakyn arabaglanyşyk saklamakdyr. Käte ol biziň garaýyşlarymyzy üýtgedip, täze dünýägaraýyş berip biler, başga bir ýola ugrukdyryp biler.
Mozart
Aýdym-saz diňlänimde ruhy özenim, durmuşym, arzuwlarym oýanýar.
Şopengauer
Sungat çöküş döwrüni başdan geçirip biler, ýöne ol durmuş ýaly bakydyr, müdimidir.
D.Şalýanin
Saz – arifmetikada ruhuň özboluşly maşkydyr.
G.Leýbniz
Haçan-da haýsy hem bolsa bir zady aýtmak kynlaşan ýagdaýynda aýdym-saz kömege gelýär.
Gofman
Durmuşyň lezzetleriniň arasynda aýdym-saz diňe söýgüden pesdir, ýöne aslynda söýgi hem özboluşly sazdyr.
A.S.Puşkin
Käwagt tebigat gurakdyr, emma sungat gurak bolmaly däldir.
D.Didro
Käte ýadawlyk basmarlanda saz bize uklamaga ýardam edýär, şol sebäpli men sazy lukmançylyk tarapdan hem gowy görýärin.
M.Lermontow
Saz – bu sungat, ol şygyrlarda, pikirlerde, ähli ýerde bar.
Wiktor Gýugo
Aýdym-saz durmuşyň dürli döwürlerinde yzarlap boljak yzlardyr. Ol taryhy öwrenmek üçin hem zerur çeşmedir.
L.Tolstoý
Ýönekeýlik, hakykylyk, tebigylyk – sungat eserleriniň ählisinde jemlenmeli ajaýyp üç ýörelgedir.
K.Glýuk
Toplan: Meýlis GURBANOW,
Gubadag etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Teswirler