Haýsy jandar iň uzak aralyga göç edýär?

Göç etmek barada aýdylanda, adatça guşlaryň belli bir möwsümde howa şertleriniň amatly sebitlerine köpçülikleýin hereketleri hakda pikir edýäris. Aslynda haýwanlaryň köpüsi (mysal üçin käbir balyklar, süýrenijiler, mör-möjekler, süýdemdirijiler) göç edýärler.

Ylmy taýdan “Limosa lapponica” diýlip atlandyrylýan guş iň uzak aralyga göç edýän guşdur. Alýaskadan Täze Zelandiýa göçüp baranlarynda bu guşlar dokuz günüň dowamynda üznüksiz uçup takmynan 12 müň kilometr aralygy geçýärler.

Ylmy taýdan “Danaus plexippus” diýlip atlandyrylýan kebelek mör-möjekleriň arasynda iň uzak aralyga göç edýän kebelekdir. Bu kebelegiň 100 milliondan gowragy her tomus aýlarynyň ahyrynda Demirgazyk Amerikadan Meksika çenli 4750 kilometr aralygy geçýärler. Aslynda, bu syýahaty tamamlamak üçin ýekeje kebelegiň ömri ýeterlik däl. Şeýle-de bolsa, göç wagtynda kebelekler ýumurtgalaýarlar. Ýumurtgadan çykan ýaş kebelekler bu syýahaty tamamlaýarlar.

Iň uzak aralyga göçýän süýdemdiriji çal kitdir. Ylmy gözlegde, alymlar Ýuwaş ummanyň demirgazygynda ýaşaýan çal kitleriň esasy iýmitlenýän ýerleri bolan Russiýanyň Sahalin adasy bilen Meksikanyň kenarýaka aralygyndaky syýahat wagtynda takmynan 22,500 kilometri geçendigini kesgitlediler. Bu süýdemdirijileriň iň uzyn göçüş aralygydyr.

Dünýäde iň uzak aralyga göç edýän iň kiçi jandar görnüşi “Sterna paradisaea” diýlip atlandyrylýan kiçijik guşlardyr. Bu guşlar Grenlandiýa bilen Antarktidanyň arasyndaky uzak ýoly her ýyl birnäçe gezek geçýärler. Örän kiçi we ýeňil yzarlaýyş enjamlaryny ulanmak bilen geçirilen gözlegler, bu guşlaryň ýylda 80,000 kilometrden gowrak uçýandygyny görkezýär. Bu, görkeziji Ýer bilen Aýyň aralygyndan takmynan 6 esse uzyndyr.

Sähragül ANNAGULYÝEWA,

Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Himiýa fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok