Sungat ýer ýüzünde ýaşaýan ähli halklary özara baglanyşdyrýan syrly köprüdir. Ol dürli medeniýetleriň häsiýetli taraplaryny, dürli halklaryň ýaşaýyş-durmuşyny, däp-dessurlaryny, dünýägaraýşyny öwrenmäge ýardam edýär. Hut sungat eserleriniň üsti bilen biz iň gadymy döwürlerde ýaşap geçen adamlaryň tebigat, durmuş, adamzat hakdaky pikirleri barada düşünje alyp bilýäris. Muňa mysal hökmünde, dag gaýalarynyň ýüzüne çekilen diwar suratlaryny, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan kiçi ölçegli heýkeltaraşlyk we keramika önümlerini görkezmek bolar. Bu eserleriň adamzadyň iň gadymy döwüürlerden şu güne çenli geçen taryhy ýoluny yzarlamakda möhüm ähmiýeti bar. Sungat adamzat bilen ýaşytdaş hem diýip bileris. Çünki ol elmydama adamlaryň ruhy islegini kanagatlandyryp geldi. Kämillik ýolunda dürli ösüş tapgyrlaryny başdan geçirip, kemala gelen sungat biziň günlerimizde-de wajyp ähmiýete eýedir. Ol adamzat durmuşynyň möhüm ugry bolmak bilen birlikde, halklary özara jebisleşdirýän halkara dostluk köprüsidir.
2020-nji ýylda Altyn Ordanyň – Beýik Ulusyň esaslandyrylmagynyň 750 ýyllygy mynasybetli, Gazagystan respublikasynyň paýtagty Almaty şäherinde Turan-gazak suratkeşler Konsolidasiýasynyň halkara baýragyny almak ugrunda Orta Aziýa we Gazagystan respublikasynyň suratkeşleriniň arasynda bäsleşik sergisi geçirildi. Bu sergä jemi 100-den gowrak suratkeş öz döreden eserleri bilen gatnaşdylar. Şolaryň arasynda türkmen suratkeşleri hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary örän buýsandyryjy waka boldy. Döwrebap türkmen grafika sungatynda öz mynasyp ornuny tapmagy başaran grafik suratkeşi Döwletgeldi Akyýew hem-de öz döredijilik aýratynlygy, teswirleme usuly, tematikasy bilen tapawutlanýan nakgaşçy suratkeş Azat Myradow bu bäsleşik sergisinde halkara “Turan” çeperçilik baýragynyň eýesi boldular. Bu hem, häzirkizaman türkmen şekillendiriş sungatynyň dünýä derejesinde gazanan ýene bir üstünligi diýip aýtmaga doly esas bar. Sebäbi ýüzlerçe gatnaşyjylaryň arasynda tapawutlanyp, ýeňiji bolmak irginsiz zähmeti hem-de tutanýerli yhlasy talap edýär.
Halypa suratkeş Döwletgeldi Akyýewiň taryhyň ýiti äheňlerini özüne siňdiren “Gök böri”, “Beýik Seljukly”, “Başa-baş söweş” ýaly grafika eserleri halkymyzyň şöhratly taryhyny, edermenligini, gaýduwsyzlygyny wasp edýär. Suratkeşiň köpsanly işlerinde gyzgalaňly söweş sahnalary agdyklyk edip, olarda iň aýgytlaýjy pursatyň täsiri, çylşyrymly hereketleri örän aýdyňlyk bilen tomaşaça ýetirilýär. Suratkeş Azat Myradowyň “Akylly çopan”, “Ürgenje syýahat”, “Ýusup-Ahmet dessanyndan” ýaly eserleri wakanyň täsirli beýan ediliş yzygiderliligi, çylşyrymly göwrüm aýratynlyklary, özboluşly taslama hem-de reňk çözgütleri bilen tapawutlanýar. Olaryň gazanan üstünligi ýaş suratkeşlerimiziň hyjuwyny artdyryp, geljekde milli sungatymyzy dünýä ýaýjak hünärmenler bolup ýetişmeklerine höweslendirdi.
.
Gülnara Kurbanmuhammedowa,
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi
Teswirler