Häzirki wagtda dünýäde gury ýer, howa, deňiz we demir ýol ulag ulgamlaryndan soň bäşinji transport ulgamyny ösdürmek boýunça gözlegler alnyp barylýar. “Hiperloop” diýlip atlandyrylýan bu täze nesil transport ulgamy bilen tanyşalyň, bu ýerdäki ses tizligine ýakyn tizlikde syýahat etmäge mümkinçilik berjek transport serişdesidir.
“SpaceX” we “Tesla Motor” kompaniýalarynyň eýesi Elon Musk tarapyndan 2013-nji ýylda ilkinji gezek tanyşdyrylan bu täze nesil ulag serişdesi, ýakyn geljekde jemgyýete ses tizligine ýakyn tizlikde syýahat etmäge mümkinçilik döreder. Bu transport serişdesi ekologik taýdan arassa bolup, ýol-ulag heläkçiligine uçramak mümkinçiligi asla ýokdur.
Beýleki transport ulgamlaryndan has çalt boljak bu täze ulgam, syýahat wagtyny ep-esli gysgaldar. Sagatda takmynan 1200 km tizlik bilen syýahat edip bilmek üçin ösen tizlikli transport ulgamy üçin pes howa basyşy bolan ýörite turba geçirijiler gurulmalydyr. Ýörite turbanyň içinde ýolagçylary äkidip-getirjek kapsulalar gaty ýokary tizlikde hereket eder we aerodinamiki hadysanyň öňüni ep-esli azaldar.
Elon Musk täze nesil ulag serişdesini ýerdäki kosmos otly serişdesi diýip atlandyrýar. Sebäbi adaty otla garanyňda “Hiperloop” bilen üç esse çalt syýahat edip bolýar. Emma tizlik ulgamyň ýeke-täk artykmaçlygy däl. Şeýle hem, tizlik ölçeg enjamlarynyň tutuşlygyna elektrik togunda işlemegi onuň ekologiýa taýdan arassa ulgam bolmagyny üpjün edýär.
Mährijemal GELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler