Hytaýyň smartfon öndürijisi “Vivo” eplenýän telefonlaryny öndürmäge taýýarlyk işlerini dowam etdirýärkä, kompaniýadan täze hoş habar geldi.
Elýeterli smartfon modelleri bilen ulanyjylaryny haýran galmagy başardan “Vivo” ýakyn wagtda eplenýän telefonyny satuwa çykarar. Telefonyň dizaýny owadanlygy bilen tapawutlanýar.
“Vivo” entek resmi bildiriş ýa-da işe giriziljek senesini yglan etmese-de, telefonyň adynyň “Vivo X Fold” bolmagyna garaşylýar.
Şeýle hem bu eplenýän telefon “Qualcomm”-yň “Snapdragon 8 Gen 1” çipseti bilen geler. Bulardan başga-da telefonyň ekranynyň 6.53 dýuým we 120Hz boljakdygy, 80W simli zarýad beriş, 50W simsiz zarýad bermek we 4600mAh batareýa goldawy bilen üpjün ediljekdigi aýdylýar.
Belläp geçsek, “Vivo” şereketi 2009-njy ýylda Şen Wei diýen telekeçi tarapyndan Hytaýda esaslandyryldy. Şereket döredilen gününden bäri smartfonlary, smartfon esbaplaryny, programma üpjünçiligini we onlaýn hyzmatlary hödürleýär. Kompaniýanyň ştab-kwartirasy Dongguanda ýerleşýär.
Şemşat MERETDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler