Türkmen-Koreý ulag ulgamy boýunça giň gerimli hyzmatdaşlyk

28-nji martda “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň ýolbaşçylary, işgärleri we Demirýol korporasiýasy “KORAIL” bilen onlaýn görnüşde maslahat geçirildi. Bu baradaky habary Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň turkmenistan.gov.tm habar saýty ýetirýär.

Ýygnagyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Günorta-Demirgazyk we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça transport akymlaryny birleşdirmäge gönükdirilen esasy ugurlar baradaky maksatnamalar nygtalyp geçildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýygnakda “KORAIL”-yň prezidentiniň we şeýle hem Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.

Bu seminar görnüşindäki wideo ýygnagyndan soň, ikitaraplaýyn gatnaşyk şu ýylyň aprel aýynyň birine çenli dowam eder.

Arslan MYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok