Mikroplastikalar ýaşaýyşa howp döredýär

Norwegiýaly alymlar ýabany tebigata we adamyň saglygyna howp salýan mikroplastikanyň Arktika deňizlerine kiçi derýalaryň üsti bilen baryp ýetýändigini kesgitlediler.

Soňky ýyllarda dünýäde plastmassanyň ulanylyşy ep-esli artdy. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaý tebigata zyýan bermek bilen bir hatarda ýaşaýşa hem uly howp salýar. 5 mm-den kiçi plastmassa bölejiklerine mikroplastikalar diýilýär. Soňky gözlegler Ýewropa derýalaryndan mikroplastikanyň Arktika deňizlerine çykýandygyny görkezdi.

Mikroplastikalar häzirki wagtda iň beýik dag Ewerest dagynyň depesinden iň çuň okeanlaryň düýbünden hem tapyldy.

Adamlar hem mikroplastikany iýmit we suw arkaly özlerine kabul edýärler. Mikroplastikanyň ýabany tebigata zyýan berýändigi anyklanylsa-da, onuň adam öýjüklerine zyýanly täsirleri hem laboratoriýa synaglarynda üsti açyldy.

Alymlar Arktikanyň ekosistemasyna aşa zeper ýetirilmez ýaly galyndylary has gowy dolandyrmagyň zerurdygyny duýdurdylar.

Mekan ATALYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok