Ekologik abadançylyk

Ekologiýa syýasatynyň esasy maksady  –  adamyň  ýaşaýşynyň we işiniň çeşmesi hökmünde çykyş edýän tebigatyň  abat saklanmagy hem-de onuň baýlyklaryndan  rejeli peýdalanmagy üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň serişdelerini rejeli peýdalanmak we täzeden dikeltmek, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak milli döwlet wezipesidir, ählihalk işidir, Türkmenistanyň her bir raýatynyň ahlak borjudyr.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe bir ussat hünärmen bolup ýetişmegi üçin däl, eýsem olaryň ylmy işlere has işjeň gatnaşmaklary üçin ähli zerur mümkinçilikleri döredip berdi. 

Türkmenistan döwleti Garaşsyzlygyna eýe bolandan öz ýol-ýörelgesini saýlap alyp, tiz wagtyň içinde dünýä siwilizasiýasyna sazlaşykly goşuldy. Ylmy-tehniki ösüş ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösmegine täsir edip, türkmen halkynyň bolelin we erkana durmuşda ýaşamagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Tebigy baýlyklar we olaryň gorlary rejeli, iňňän oýlanyşykly peýdalanyp başlandy. Ähli gazma baýlyklar (nebit, tebigy gaz we ş.m.) çykarylanda daşky gurşawa ýetirilýän täsirler pugta göz öňünde tutulyp,  ekologiýa howpsuzlygynyň kadalary berk berjaý edilýär.

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ylmy esasda ösüşine, ähli senagat kärhanalarynyň tebigat üçin zyýansyz we howpsuz täze tehnikalar hem tehnologiýalar bilen doly çalşyrylmagyna, täze gurulýan önümçilik kärhanalaryň  bolsa ekologik talaplaryň kadalaryna laýyk bolmagyna uly üns berilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyza çenli ýer-suw baýlyklaryň bisarpa ulanylandygyny, ýerleriň toprak-melioratiw we ekologik ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny, önümleriň hiliniň pese düşendigini bellemek  ýeterlikdir. Indi öňde durýan esasy wezipeler ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edip, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan oba hojalyk we senagat önümleriň öndürilişini artdyrmakdan, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmakdan ybaratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Watanymyzyň gözel tebigatynyň has-da baýlaşmagy, döwletimiziň ekologiýa howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek, ilatyň, ylaýta-da ösüp gelýän ýaş nesliň aňynda ekologik düşünjeleri kemala getirmek barada ýurdumyzda yzygiderli alada edilýär, has takygy dünýä döwletleri üçin nusgalyk ekologiýa syýasaty alnyp barylýar.

Häzirki döwürde ekologiýa meselesi bütin dünýäde adamzady aladalandyrýan möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Täze önümçilik kärhanalarynyň gurluşygy, hereket edýän tehnologik we beýleki desgalaryň durkuny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak işleri daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almak kämil tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly alnyp barylýar.    

Häzirki wagtda çogly güneşli, gaýtalanmajak landşafty, ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan türkmen topragynyň tebigaty täsin gözelligi we özboluşly näzikligi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň tebigy howa şertleri gadymy döwürlerden bäri halkymyzda daş-töweregi  gurşap alan tebigata has aýawly çemeleşmek  duýgularyny döredipdir. Bu duýgular, garaýyşlar ilimiziň ýaşaýyş-durmuşyna, öý hojalygyny ýörediş aýratynlyklaryna, däp-dessurlaryna  we medeniýetine çuň ornaşypdyr. Gadymdan bäri eziz ülkämiziň özboluşly tebigatyna paýhasly çemeleşmek ýörelgesi halkymyzyň aňyna pugta ornaşyp, ýüze çykan ekologiýa meselelerini çözmegiň özboluşly tärleri kemala gelýär.

.

 Annakowa Rozygül,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok