Behişdi bedewlerize goýulýan sarpa

Müňýyllyklaryň dowamynda halk seçgisi netijesinde türkmen topragynda kemala gelen, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Biziň ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ynsan kimin duýgur, eýesine wepaly we gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük bedewleri ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berip gelipdirler.

Atly sporty ösdürmegiň beýleki ugurlary boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler yzygiderli alnyp barylýar. Mysal üçin, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle hem atşynaslarymyzyň çekýän zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” we “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar döredilip, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryna bu hormatly atlar yzygiderli dakylýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän “Behişdi ahalteke atlary” žurnalynyň ýurdumyzda we dünýä ýüzünde ahalteke bedewlerimiziň ösdürilip ýetişdirilişi, ahalteke bedewleri baradaky taryhy we beýleki gymmatly maglumatlary giňişleýin beýan etmekde we dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçmelidiris. Assosiasiýanyň agzalarynyň, atşynaslaryň hem-de bu ugurda işleýän hünärmenleriň we bilermenleriň işini utgaşdyryp alyp barmak maksady bilen, internet ulgamynda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite saýty dünýäniň dürli ýurtlarynda bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär.

Geljekde hem nusgalyk gözelligini özünde jemlän, milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde merdana ata-babalarymyzdan miras galan gadymy seýisçilik ýoluny dowam etdirip, ýaş nesillerimize ýetirmegi hem-de olaryň bedewlerimize bolan söýgüsini artdyrmakda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň gerimini has-da giňeltmäge, ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke atlary barada doly we takyk maglumatlary ýygnamaga halkymyzyň uly ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Bahar GAZAKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok